«Türkmengaz» DK-nyň wekilleri Özbegistanyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

13:31 22.08.2023 9736

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/8455/original-164e47c8753508.jpg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri özbek hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Daşkentde «Tehnopark» kärhanasyna baryp gördüler.

Türkmen wekiliýeti kärhananyň önümçilik prosesi we geljekki meýilleri bilen tanyşdylar. Myhmanlara öndürilýän önümiň hili, barlaghana synaglarynyň geçirilişi, şeýle hem tehnologiki hatarlaryň we sergi zallarynyň ýerleşişi barada jikme-jik maglumat berildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistana «akylly» gaz hasaplaýjylaryny ibermek meselesi maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar bu önümleriň Türkmenistanda önümçiligini guramak, işgär mümkinçiligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin aragatnaşygy ýola goýmak mümkinçiligini öwrenmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Özbegistanyň Elektrotehniki senagat kärhanalarynyň assosiasiýasynyň we «HududGazTa'minot» nebitgaz kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer.

Başga makalalar
164e44cbfc5fd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


164e5b3ad8266e.jpg
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol topary — AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda

Türkmen nebitgazçylarynyň hemaýatkärligindäki futbol toparlary diňe bir milli ýaryşlarymyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki «Merw» futbol toparynyň saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmagy hem ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.


164e45aefa7788.jpg
Türkmenistan ýedi aýda Hytaýa tebigy gaz ibermelerini 10% artdyrdy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksporty 10% töweregi artdyryldy diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri HHR-iň Baş gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.


164e5b16ded526.jpg
Türkmenistan Hindistanyň gurnan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Hindistanyň DIM-niň goldaw bermeginde bu ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy.


164e305282f928.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.