CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 06.09.2023 – 19.09.2023
17:49 07.09.2023 3419
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda “2024-2025-nji ýyllar üçin “A” we “B” bloklar üçin 600 tonna MDEA himiki birleşmesini satyn almak” boýunça № CIT-23045-MR belgili tender yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
1.Tendere gatnaşmak üçin arza;
2.Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
3.Soňky üç ýylyň (2020-2022ý.) içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;
4.Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnandygy barada şahadatnamanyň göçürmesi;
5.Soňky 3 ýylyň (2020-2022ý.) dowamynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada gysgaça maglumat;
6.MDEA (metil dietanolamin) öndürijisinde hil şahadatnamasy, daşky gurşawy dolandyryş ulgamynyň şahadatnamasy, saglygy goraýyş ulgamynyň şahadatnamasy we beýleki şahadatnamalar bolmaly;
7.Üpjün edijiniň MDEA (metil dietanolamin) himiki birleşmesini eksport we import etmek üçin ýörite rugsat haty ýa-da ygtyýarnamasy bolmaly.
Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.
Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar barada anyk maglumatlar üçin aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz:
Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993 12 44-54-34
Faks: +993 12 44-50-44