CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 06.09.2023 – 19.09.2023

17:49 07.09.2023 4243

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda “Naharhana, kir ýuwmak we arassalaýyş hyzmatlaryny bermek” boýunça №.CIT-23097-SR belgili tender yglan edýär.

Bu tender 2 lota bölüner:

Lot №1 - B bloguň günbatar bölegini goşmak bilen A blokdaky desgalarda naharhana, arassalaýyş we kir ýuwmak hyzmatlary;

Lot №2 - B bloguň gündogar bölegini goşmak bilen B blokdaky desgalarda naharhana, arassalaýyş we kir ýuwmak hyzmatlary.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

1.Loty/lotlary görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin arza;

2.Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;

3.Soňky 3 ýylyň dowamynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada gysgaça maglumat;

4.Soňky üç ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;

5.Kompaniýanyň tendere gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.

Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. 

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar barada anyk maglumatlar üçin aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz: 

  Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Başga makalalar