“Türkmengaz” Döwlet konserni açyk Tender yglan edýär: 26.09.2023 - 10.11.2023

11:42 28.09.2023 1656

Hormatly jenaplar! 

 “Türkmengaz” döwlet konserni 26.09.2023 - 10.11.2023 aralygynda 

 “Türkmengaz” DK zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça

 № T/GAZ-048 belgili açyk tender yglan edýär:

Lot №2 – “Tehnologik enjamlar”;

Lot № 3 – “Elektrotehniki enjamlar, gözegçilik-ölçeg abzallary we kabel önümleri”;

Lot №5 – “Kömekçi materiallar”.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça:

-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

-lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. 

Ähli zerur maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/ salgydan ýükläp ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Elektron salgysy: turkmengaz@online.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

40- 37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 10.11.2023ý. ýerli wagt bilen sagat 12:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. 

Bäsleşik üçin teklipler degişli möhür bilen kepillendirilen bukjada bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. 

Bukjada hökmany suratda hödürlenýän önüm  boýunça talaplar we doly tehniki häsiýetnamasy, anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Elektron salgysy: turkmengaz@online.tm

                                                  odum@turkmengaz.gov.tm.

        Nusgasyny gkukpo@gmail.com salgy boýunça ugratmaly. 

“Türkmengaz” DK internet saýty: http://www.oilgas.gov.tm/

Başga makalalar