Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň onlugynda — HEA

Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň onlugynda — HEA

Türkmenistan dünýä boýunça benziniň bahasynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugyna girýär, diýip Halkara energetika agentligi habar berýär (HEA).Agentligiň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda benziniň dünýä boýunça bahalary 2 göterim aşaklady we 1 litri üçin ortaça 0,91 dollara deň boldy. Geçen ýylyň netijeleri boýunça iň pes görkezijiler Eýranda hasaba alyndy – 1 litri üçin 0,24 dollar, iň ýokary görkezijiler bolsa Gonkongda (1,97 dollar) boldy. Şol bir wagtda bellenilişi ýaly, ýangyjyň bahasy salgyt ýüklemelerini belleýän ýa-da tersine subsidiýalary belleýän döwlet syýasaty tarapyndan kesgitlenilýär.HEA-nyň berýän maglumatlaryna görä, benziniň bahasy boýunça iň arzan döwletleriniň sanawyna şeýle hem Alžir – 1 litri 0,33 dollar, Türkmenistan – 0,43, Gazagystan – 0,44, Indoneziýa – 0,45, Özbegistan we Nigeriýa – 0,47, Müsür – 0,49, Malaýziýa – 0,50, Oman – 0,56, BAE – 0,58 we Wenesuela – 0,60 girýär.Benziniň bahasynyň iň gymmat ýurtlarynyň sanawynda Niderlandlar (1,81 dollar), Norwegiýa (1,78 dollar), Gresiýa (1,77), Italiýa (1,76), Finlýandiýa (1,71), Şwesiýa we Portugaliýa (1,67), Islandiýa (1,63).ABŞ-da benziniň bahalary ortaça 1 litri üçin 0,79 dollar, Russiýada – 0,70, Saud Arabystanynda – 0,56 dollar möçberinde saklanýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993