Kükürtli käninde gazyň çykarylyşy artýar

Kükürtli käninde gazyň çykarylyşy artýar

Garagumyň çylşyrymly howa şertlerine garamazdan, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli känindäki önümçilik görkezijileri 2020-nji ýylyň başyndan bäri ýokary görkezijilere ýetdi.Şu ýylyň geçen bäş aýynda tebigy gazyň çykarylyşy 2 mlrd 788 mln inedördül metre ýetdi, bellenilen meýilnama 140 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem 2 müň 584 tonna gaz kondensaty işlenilip, soňrakky gaýtadan işlemek üçin Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna iberildi.Ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler müdirligiň önümçilik wezipelerini üstünlikli çözýärler, bu wezipeler täze uglewodorod serişdelerini gözlemäge we nebitgaz çykarylyşa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bar bolan känleri netijeli işläp taýýarlamaklyga gönükdirilendir.Öňdebaryjy kärhanada işleýän hünärmenleri sany 420-den gowrakdyr. 

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993