«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar nebiti gözlemek, känleri işläp taýýarlamak we nebiti çykarmak prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.Häzirki wagtda sanlylaşdyrmaklyk konserniň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylýar, bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen tehnologiki we önümçilik diwersifikasiýasy üçin esas bolup durýar.Önümçiligiň netijeliliginiň ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin hünärmenler optiki-süýümli geçirijileriň kömegi bilen DK-nyň Balkanabatdaky ähli bölümçelerini işlenip taýýarlanylýan «Uzboý», «Burun» we «Barsagelmez» känlerine birikdirdiler.Bu çäreler ýüz kilometrden uzak bolan buraw desgalaryndan telemetriýa we wideogözegçilik maglumatlaryny almak işini amatlaşdyrdy. Öz gezeginde, ol ýagdaýyň üýtgemegine tiz çäre görmäge, enjamyň näsazlygyny hasaba almaga, geologo-tehnologik maglumatlary geofiziklere we konserniň merkezi edarasyna geçirmäge mümkinçilik berdi.Mundan başga-da, konserniň nebit çykarýan kärhanalarynda ştangalaýyn çuňluk nasoslary bilen enjamlaşdyrylan guýularda nebiti çykarmaklygy dolandyrýan ulgamlary awtomatlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu guýularyň işine gözegçilik etmek üçin maglumat-enjam toplumlarynyň ornaşdyrylmagy uzak wagtlap ulanyşda bolýan nebit känleriniň düşewütliligini ýokarlandyrar.Guýularyň işiniň awtomatlaşdyrylmagy maglumatlary toplamak we seljermek, şeýle hem uzakdan gözegçilik işini ýeňilleşdirer . Döwrebaplaşdyrmagyň başlangyç tapgyrynda uzakdan dolandyryş ýagdaýyna 550 sany ulanyş guýusy geçiriler.«Türkmennebit» DK «Awtomatizasiýa-Metrologiýa-Ekspert» (Russiýa Federasiýasy, Ufa) inžinerçilik kompaniýasy bilen konserniň rezeuar parkyny enjamlaşdyrmak üçin UMF300 köpfazaly dereje ölçeýjileriň 50 toplumyny satyn almak boýunça şertnama baglanyşdy. Bu sanly enjam hil we mukdar görkezijilerini almaga we nebitiň/suwuň faza ara derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.Häzirki wagtda «Türkmennebit» DK känden ilkinji nebiti almaklyga çenli işleriň möhletini gysgaltmaga, şeýle hem nebiti çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň ähli tapgyrlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen sanly taslamalary durmuşa geçirýär.