“Türkmengaz” DK: täze guýular “mawy ýangyjyň” uly akymyny berdi
15:27 11.01.2024 9020
“Türkmengaz” döwlet konserniniň gazçylary 2023-nji ýyly ähli görkezijiler babatda ýokary netijeler bilen jemlediler we 2024-nji ýyly uly zähmet üstünlikleri bilen garşy aldylar.
Täze ýylyň öňüsyrasynda “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň burawçylary Mary welaýatynda ýerleşen Ýylan gaz känindäki N2 ulanyş-bahalandyryş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerinde tebigy gazyň täze känlerini açmak, olary senagat taýdan özleşdirmek, şeýle hem uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak boýunça anyk wezipeleri goýýar. “Türkmengaz” DK tarapyndan işlenilip düzülen Maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary birwagtda üç sany täze gaz käninde buraw işlerini ýola goýdular. Olar Mary welaýatynda ýerleşen Şerepli, Kelleli, Ýylan känleridir. Ulanyş-bahalandyryş guýularyny burawlamagyň netijesinde tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy.
Şeýlelikde, 2856-dan 2852 metr aralykda Ýylan känindäki N2 guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu gazçylaryň birnäçe aýlap yhlasly zähmetiniň netijei boldy.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, guýudan her günde sekiz ýüz ýigrimi müň kub metr töweregi tebigy gaz çykarylýar. Şol bir wagtda täze gaz käniniň önüminiň esasy ýaratynlygy “mawy ýangyjyň” düzüminiň arassalygydyr, düzüminde kükürt wodorod garyndysynyň ýoklugydyr. Bu guýudan çykarylýan tebigy gazyň dünýä standartlaryna laýyklygyny şertlendirýär.
Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri
Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Monakonyň Şazadasy köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirdi. Onda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparynyň agzalaryny Monte-Karloda halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan baýragy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan altyn baýragy bilen gutlady.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň başyndan bäri pudaklaryň işiniň netijeleri jemlenildi
12-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berdi.
OPEC gaznasy Türkmenistana 45 million dollar karz bermekligi tassyklady
OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Şolardan 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesi Türkmenistana bölünip berler. Bu barada degişli çözgüt gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.