Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

17:28 15.01.2024 3024

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9637/original-165a52509c4fd0.jpg

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, işgärleridir hünärmenleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow,  «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlygy we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy Jemal Sapargulyýewa dagy öz çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde ýaşlaryň ýeten belent sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň doly açylyp görkezilýändigine bu gymmatly çeşme bilen tanşanyňda anyk göz ýetirmek bolýandygyny nygtadylar.

Bu kitapda ýaşlaryň ýurdumyzda tutýan möhüm orny dolulygyna açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň eseri gazanylan üstünlikleri şöhlelendirmek bilen birlikde, öz Watanyňy söýmekde, oňa ynanmakda nusga alarlyk mekdepdir. Eserde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň belent sepgitleri, döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýetli wakalar, ata Watanymyza we mähriban halkymyza ruhubelentlik bilen gulluk edýän milli ruhly watansöýüji ýaşlaryň şu güni we geljege mizemez ynamy, garaýşy, durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlar çuň many-mazmun bilen şöhlelendirilýär.

Türkmen ýaşlary Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň goldawyndan ruhlanyp, 2023-nji ýylda  buýsançly zähmet çekdiler. Gazanylan şöhratly wakalar ýokary netijelere beslendi.  

Täze ýylyň belent ruhda garşylanýan günlerinde okyjylar köpçüligine gowşan bu eser nebitgazçylar üçin hem geljekki rowaçlyklara başlangyç, badalga berýän gymmatly sowgatdyr we ruhy hazynadyr. Nebitgaz toplumynyň işgärleri kitabyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlara üstünlikli ýetmekde ruhy goldaw berjekdigine ynanýarlar.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitap tutuş dünýäniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan çykan bu eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç bolar.

Ýokarda aýdylanlar tanyşdyrylyş dabarasynda bolan çykyşlaryň esasyny düzdi we başga-da eseriň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň ruhy hazynasyna öwrüljek täze eseri üçin hoşallyk bildirildi, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýar geljegi üçin çekýän asylly zähmetinde rowaçlyklar arzuw edildi. 

Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary belent heňde ýerine ýetirdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda nebitgazçylaryň, geologlaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Başga makalalar
162bd53401143d.jpeg
Wladimir Putin: «Gazpromyň» ýolbaşçylary ýakynda Türkmenistana geler

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin «Gazpromyň» ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Türkmenistana geljekdigini habar berdi.Bu barada Russiýanyň Lideri 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti tamamlanandan soň, žurnalistleriň sowalyna beren jogabynda aýtdy diýip, Russiýanyň Prezidentiniň saýty habar berýär.


162baa13cb92b4.jpeg
400 töweregi hünärmen Seýdiniň NGIZ-niň okuw mekdebini tamamlady

400 töweregi talyp şu ýylda Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň №15 ýörite tehniki okuw mekdebini tamamlady diýip, Jeyhun.news neşiri habar berýär.


162bc15031f3b8.jpeg
Türkmenistanyň paýtagtynda VI Hazar sammiti geçirildi

29-njy iýunda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.


162bbf6eb76e2d.jpeg
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy

Sişenbe güni Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.


162baa1980c08f.jpeg
Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabatda VI Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşar

RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow sişenbe güni Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrlerinň 29-njy iýunda Aşgabatda Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk meselelerine bagyşlanan duşuşygyna gatnaşar diýip, Interfaks habar berýär.