Gökderede çagalaryň arasynda
04:15 27.06.2024 5024
Gökdere jülgesinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu sapaly ýerde wagtyny hoş geçirýän mekdep okuwçylarynyň müňlerçesiniň her güni şatlyk-şowhuna beslenýär. Gökderede nebitgaz toplumynyň dynç alyş merkezleriniň hem birnäçesi bolup, olarda çagalar ýokary derejede dem-dynç alýarlar we wagtyny netijeli geçirýärler.
Biz ýakynda türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjeginde bolup, çagalaryň dynç alyş şertleri bilen tanyşdyk hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guran «Sagdyn durmuş ýörelge — neslimize görelde» atly dabaraly çärelerine gatnaşdyk. Ilki baran ýerimiz Gökderäniň jümmüşinde ýerleşýän «Çeşme» dynç alyş merkezi boldy. Ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, häzirki wagtda «Çeşmede» ýaş ösdürimleriň ýüzlerçesi dynç alýar. Olar bizi çaga şadyýanlygy bilen şowhunly garşyladylar. Merkeziň medeniýet köşgüniň şowhuny has-da özüne çekýärdi. Bu ýerde dynç alýanlaryň küşt, şaşka, surat çekmek boýunça toparara bäsleşikleri geçirilýärdi. Merkeziň tälimçileriniň, mugallymlarynyň, usulyýetçileriniň gürrüň bermegine görä, merkezde çagalaryň gowy dynç alyp, sport, aýdym-saz bilen meşgullanmagy, çeper edebiýatlary okamagy, dürli oýunlary guramagy, kinofilmlere tomaşa etmegi üçin hemme mümkinçilikler bar. Olar her gün medeni, sport çäreleri boýunça özara bäsleşýärler, şeýle-de merkezara çärelere gatnaşýarlar. Bu çagalaryň wagtynyň gyzykly geçirmegine, kämilleşmegine, bedeniniň taplanmagyna gowy täsir edýär.
Gündelik çärelerde işjeň çykyş edýän çagalar baýraklar, hormat hatlary bilen höweslendirilýär. Ýeri gelende ýene-de bir zady bellemelidir. Çagalar bilen gyzykly güýmenjeler, ýaryşlar, medeni çäreler her gün agşamlyk hem geçirilýär. Olar aýdym aýdyp, saz çalyp, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirip, tans oýnap, öz ukybyny görkezýärler. Konsert meýilnamasy tamamlanandan soň haýsy toparyň we toparlardan kimiň ýeňiji bolanlygy merkeziň meýdançasynda dabara bilen yglan edilýär. Munuň özi çagalaryň wagtyny netijeli geçirmegi bilen birlikde, ruhlanmagyna, höweslenmegine, düşünjesiniň artmagyna, gözýetiminiň giňemegine şert döredýär.
Soňra biz iş saparymyzy «Nebitçi» dynç alyş merkezinde dowam etdik. Ilki baran merkezimizde bolşy ýaly, bu ýerde hem çagalaryň ýüzlerçesi dynç alýar. Ertiriň salkyn howasynda sport meýdançalaryndaky çagalaryň şowhunly sesi bütin Gökderä ýaýrap gidýärdi. Meýdançada okuwçy ýaşlar futbol boýunça bäsleşýärdi. Olaryň bir topary Gökderäniň bezegi akar çeşmäniň boýunda dürli güýmenjeler bilen meşguldy. Çaga şagalaňyna garylyp gidýän aýdym-sazyň owazy bu ýerini toý tutumyna meňzedýärdi. «Nebitçiniň» idi-yssywat edilýän boýy ýetik gür baglary jana bir eşret. Çagalaryň erkana ýaýnaýşyny, wagtyny gyzykly geçirişini, olar üçin ähli amatly şertleriň döredilişini, edilýän atalyk aladany görüp, berkarar eziz Diýarymyza buýsanjyň artýar.
«Nesil» çagalaryň dynç alyş merkezi nebitgaz toplumynyň iň iri merkezleriniň biridir. Bu merkez müň çaga niýetlenilen. Onuň çägi örän giň. «Nesil» sport, medeni meýdançalarynyň, suw howuzlarynyň köpdügi bilen tapawutlanýar. Döwrebap ýapyk sport zaly, kino-konsert zaly çagalaryň arasynda has-da meşhurdyr. Medeniýet merkezinde gurnaklaryň 10-dan gowragy hereket edýär. Çagalaryň hyzmatynda bolan ýörite hünärmenleriň işi sazlaşykly ýola goýlupdyr, ýagny medeni, sport çärelerini, hereketli oýunlary, akyl-paýhas oýunlaryny bir wagtyň özünde birnäçe ýerde geçirmäge mümkinçilik bar.
Sport çäreleri merkezleriň ählisinde irden geçirilýär. «Şöhle» dynç alyş merkezine gelenimizde, howa ýagşy gyzypdy. Gün gyzandan soň merkezlerde çagalaryň dynç alyş güýmenjeleri medeniýet merkezlerinde geçirilýär. «Şöhläniň» medeniýet merkezinde hem kompýuter, küşt-şaşka, suratçylyk, dokmaçylyk, el işleri, tans, aýdym-saz, tikinçilik otaglary, kitaphana hereket edýär. «Şöhlede» bolanymyzda, şol gün aýdym-saz, çeper okaýyş, el işleriniň hünäri boýunça geçirilen bäsleşiklere tomaşa etdik. Beýleki merkezlerde bolşy ýaly, bu ýerde hem çagalaryň durmuşyna kybap gyzykly, täsirli, şowhunly, ýatdan çykmajak pursatlara baý durmuş höküm sürýär.
Nebitgaz toplumynyň ähli merkezlerine döwrebap täze awtobuslar berlipdir. Amatlyklar bilen üpjün edilen bu awtobuslarda çagalar paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, medeniýet, tomaşa merkezlerine, seýilgählerine gezelenje äkidilýär. Bu hem dynç alyş möwsüminiň mazmunynyň has baý bolmagyny üpjün edýär.
Jemläp aýdanymyzda, merkezleriň ählisinde döwran dönen çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakymly pursatlary dowam edýär. Häzir möwsümiň birinji tapgyry tamamlanyp, täze — ikinji tapgyry badalga alýar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.