«Şatlyk» şypahanasy dynç alýanlar üçin gapysyny açýar

«Şatlyk» şypahanasy dynç alýanlar üçin gapysyny açýar

«Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Şatlyk» şypahanasy Garagum derýasynyň gözel kenarynda ýerleşýär. Abatlaýyş işlerinden soň düýpli täzelenen şypahana 6,3 gektar meýdançada ýerleşip, ol ýerde saýaly gür baglyk ýaýrap ýatyr.Şypahananyň abatlaýyş we dikeldiş işlerini «Marygazçykaryş» müdirliginiň işgärleri ýerine ýetirdiler. Indi, «Şatlykda» dynç almak has hem oňaýly we ýakymly boldy. Bir otagly, iki adamlyk we üç adamlyk otaglarda düýpli täzeleniş işleri geçirildi. Otaglaryň häzirki zaman dizaýny rahatlyk hem ýyly mähir döredýän äheňlerde ýerine ýetirilipdir.Şypahana diňe bir gazçykaryş pudagynyň işgärlerini kabul etmek bilen çäklenmeýär. Ýylyň dowamynda «Şatlykda» iki müňe golaý adam saglygyny berkidýär. Bu ýerde dynç alýanlara balneologiýa we palçyk bejergisi esasynda, «Mollagaranyň» sagaldyş palçygyny ulanmak arkaly sagaldyş usullarynyň giň toplumy hödürlenilýärŞypahananyň myhmanlarynyň ygtyýarynda — galokamera, ozokerit, kükürt wodorod suwunyň çeşmesi bar. Bu şypahana aşgazan-içege traktyny, bagyr we içege ýollaryny, deri kesellerini, daýanç-hereket apparatynyň kesellerini, periferiki nerw ulgamyny we beýlekileri bejerýänligi bilen meşhurdyr. Fizioterapewtiki bejergileriň hatarynda şeýle hem palçyk bilen bejergi, kükürt wodorod wannalary, iňňe bejergisi, elektrik massaž, el massažy, sauna bar. 

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993