Prezident: pandemiýa zyýan çeken halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça zerur işleri geçirmeli
09:55 17.12.2020 7487
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde pandemiýadan zyýan çeken halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny, ulag gatnawlaryny dikeltmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Pandemiýa halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryna, ulag gatnawlaryna ýaramaz täsir etdi diýip, hormatly Prezidentimiz häzirden başlap, bu ulgamlary dikeltmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Olary geljekde ösdürmek üçin öňki ýagdaýyna we ösüş derejesine çykarmaly diýip, döwlet Baştutany bu meselede sebitleýin hyzmatdaşlygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmen Lideri bilelikdäki üpjünçilik ulgamlary boýunça taslamalary durmuşa geçirmek barada gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakynda 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak barada görkezme berdi.
Şeýle hem, möhüm halkara ähmiýeti bolan «Gazagystan–Eýran–Türkmenistan», «Kerki–Ymamnazar–Akina (Owganystan)» demir ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýoluny we awtomobil köprülerini doly güýjünde ulanmak, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisi, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny hem ýokary depginlerde alyp barmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň milli bähbitlerini we Merkezi Aziýa döwletleri bilen ileri tutulýan hyzmatdaşlyk meselelerini nazara alyp, 2021-nji ýylda sebitiň her bir döwleti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hakyndaky teklipleri taýýarlamak, şeýle hem beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde, Milli Aral maksatnamasyny işläp düzmek hem-de 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde seretmek üçin Türkmenistanyň Hökümetine hödürlemek tabşyryldy.
Geljek ýyl bolsa, ýurdumyzda ýokary derejedäki altynjy Hazar duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä gowy taýýarlyk görmegiň gerekdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine bu möhüm halkara forumyny ýokary derejede guramak hem-de geçirmek boýunça işlere häzirden girişmegi tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Hazar deňziniň sebitiniň Ýewraziýada örän iri ulag-logistiki merkezleriň birine öwrülýändigini belledi. Bu işde biziň ýurdumyz esasy orny eýeleýär.
Häzir Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bilen Bakuwyň halkara deňiz söwda portunyň arasynda yzygiderli parom gatnawy alnyp barylýar. Şeýle hem, Gazagystanyň Aktau halkara deňiz söwda porty hem-de Kuruk deňiz porty bilen özara gatnawlary ýola goýmak barada gepleşikler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, russiýaly hyzmatdaşlarymyz bilen Astrahan şäherinde Logistika merkezini açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Kazan şäherinde hem Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, Russiýanyň Baltika deňzindäki portlaryna we soňra Ýewropa çykmak bilen, Hazar deňzi – Wolga derýasy ugry boýunça ulag gatnawlarynyň geljegi uly bolan taslamasy düzülýär.
Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag geçelgesini döretmek hem-de amala aşyrmak hakyndaky dörttaraplaýyn hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy boýunça işleri dowam etmek esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu geçelgäni döretmek başlangyjy bilen Azerbaýjan, Gruziýa hem-de Rumyniýa bilen bilelikde çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.