Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýa işlenip düzülýär
02:31 26.08.2020 10551
Penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.Şeýle-de duşuşyga Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Ýurtlary goldamak we hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň direktory Gurbuz Gonul, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozd we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar “Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň global tendensiýalary we mümkinçilikleri”, “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň ýollary”, “Önümçilige energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasyndaky ylmy taslamalary girizmek”, “Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin halkara tejribäniň ulanylmagy” ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.Şeýle-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşi ulgamyna goldaw bermek boýunça alyp barýan işi barada, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri barada çykyş edildi.Milli strategiýanyň düzüminiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşiniň dünýä tendensiýalary we döwrebap ýagdaýy barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi.