Rumyniýa türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazarlaryna çykmagy üçin mümkinçilileri üpjün edip bilerок

15:07 11.01.2021 8447

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1438/original-15ff806f2a8eec.jpeg

Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmagy, ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi we sebitde strategiki wajyp energetika taslamalaryna gatnaşmagy türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropanyň bazarlaryna çykarylmagy üçin uzakmöhletleýin mümkinçilikleri döreder, Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi habar berýär.

Günorta gaz geçelgesi Ýewropa Bileleşiginiň energiýa çeşmeleriniň köpeldilmeginde wajyp orny eýeleýär. Rumyn tarapy Türkmenistanyň gaz geçiriji taslamanyň indiki tapgyrlarynda tebigy gazyň üpjünçisi hökmünde çykyş edip biljekdigini öňe sürýär.

Ministrligiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, “Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça Russiýa Federasiýasyndan, Eýrandan we Katar Döwletinden soň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini unutmaly däl”. Häzirki wagtda Azerbaýjandan gazyň möçberleri taslama üçin esasy çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Rumyn tarapy Türkmenistanyň gaz geçiriji taslamanyň indiki tapgyrlarynda tebigy gazyň üpjünçisi hökmünde çykyş edip biljekdigini öňe sürýär.

Şeýle hem, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň geçen ýylyň fewral aýynda Baku şäherinde geçirilen Günorta gaz geçelgesiniň Konsultatiw geňeşiniň bäşinji mejlisine gatnaşmagy iki ýurduň bu taslamany goldaýandygyny tassyklaýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasy Ýewropa komissiýasynyň umumy gyzyklanma bildirilýän taslamalarynyň sanawyna girizilip, strategiki ähmiýete eýe boldy.

Rumyniýa ilkibaşdan Günorta gaz geçelgesiniň taslamasyny goldap gelýär we bu taslamanyň geljekki tapgyrlarynda onuň bir bölegi bolup, gaz geçirijisiniň üsti bilen iberilýän “mawy ýangyjy”, şol sanda Türkmenistandan iberilmegi mümkin energiýa serişdelerini almaga gyzyklanma bildirýär diýip, habarda nygtalýar.

Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň iýun aýynda Rumyniýanyň döwlet energetika edaralarynyň we bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistana resmi sapar bilen geldiler.

Başga makalalar
1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16324066987217.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.