Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
14:01 12.01.2021 7724
Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çul bilen geçiren duşuşygynda belledi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen öz ýurdunyň umumy maksatlara we bähbitlere gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi.
Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagy we mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Hususan-da, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In ýokary döwlet wezipesine girişenden soň, Merkezi Aziýa ýurtlaryna guran saparlarynyň dowamynda 2019-njy ýylyň aprel aýynda ilki bilen Türkmenistana bolan döwlet saparyny hemişe ýatlaýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara serhetler açylansoň we ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygy geçirmek üçin amatly şertler emele gelensoň Koreýa Respublikasyna jogap saparyny amala aşyrmakçydygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we koreýaly diplomat “Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyna ýokary baha berdiler. Onuň işi Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça özara ynanyşmagy berkitmäge we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň nebithimiýa, gazy gaýtadan işleýän, awtoulaglar we beýleki ugurlarynda üstünlikli iş alyp barýan koreý işewür düzümleriniň işleriniň soňky ýyllarda netijeli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistan bilen Korýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň hem-de ýokary ösüşe eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Köp ýyllaryň dowamynda dünýä belli “LG” hem-de “Hyundai” koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag pudaklarynda netijeli iş alyp barýandygy bellenildi.
Koreý hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda üstünlikli ýerine ýetirilen strategik taslamalaryň hatarynda “Galkynyş” käninde tebigy gazy arassalamak boýunça kärhananyň gurluşygyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly awtomobil benzininiň önümçiligi boýunça bölüm hem-de Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polipropilen we polietilen önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen polimer zawody bar.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.