Moskwada Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
10:02 05.04.2021 9083
Türkmenistanyň wekiliýetiniň penşenbe güni Moskwada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we RF-niň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin bilen geçiren duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmen tarapyndan gepleşiklere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdy.
Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligi nygtaldy. Sebit we halkara guramalaryň, esasan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, Hazar meseleleri barada hem pikir alşyldy. Howpsuzlyk, şol sanda ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerine seredildi.
Şeýle-de ylym, bilim we lukmançylyk ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik garaldy.
Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze pudaklary döretmäge, ýokary hilli we eksport ugurly önümleriň giň toplumyny öndürmäge gönükdirilen iri möçberli özgertmeleriň özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Hökümetara toparynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen iki ýurduň işewür-wekillerini çekmek bilen, Türkmen-russiýa we Russiýa-türkmen işewür geňeşiniň işini işjeňleşdirmek maslahat berildi.
Iki ýurduň hökümet agzalarynyň, döwlet düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň barşynda senagat, maşyn gurluşygy, energetika, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreler babatda pikir alyşmalar geçirildi.
Sanly tehnologiýalar ulgamynda özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.