Petronas Hazaryň türkmen böleginde ýene-de bir nebit çykaryjy platformany işe girizdi
06:58 13.04.2021 14648
Geçen şenbe güni PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen böleginde GDDP-A («Garagol Deniz Drilling Platform» – «Garagol Deňiz buraw platformasy») nebit buraw platformasyny işe girizdi. Dabara Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Gyýanly şäherçesindäki Deňiz metal gurluşlary gurnama sehiniň çäginde geçirildi.
PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd-niň baş ýerine ýetiriji direktory Ruslan bin Abdul Gani Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurdan wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmengaz» döwlet konsernine, potratçy hökmünde taslamanyň tehniki taýdan ýerine ýetirilmegi bilen meşgullanan ILK Insaat Taahut San. Ve Tic. A.S. kompaniýasyna, şeýle hem buraw platformasynyň gurluşygy boýunça giň gerimli işe gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem, ol täze platformanyň işe girizilmeginiň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
— Biz Günbatar Garagol-Deniz ýatagyndan ilkinji nebitiň günde 6700 barrele barabar bolmagyna garaşýarys. Ol gazy taýýarlamak boýunça zawodda we ýerüsti gaz terminalynda gaýtadan işleniler we soňra eksport ediler. – diýip Gani aýtdy.
Suwa girizilenden soň, agramy 3919 tonna bolan bu desga kenardan 75 km uzaklykda ýerleşýän Günbatar Garagol-Deniz nebit ýatagyna ugrady. GDDP-A platformasy deňizde nebit guýusynyň üstünde eýýäm gurlan aşaky binýat bilen berkidiler. Şondan soň ähli gurluş nebit öndürmek üçin doly derejeli buraw platformasyna öwrüler.
GDDP-A, PETRONAS tarapyndan Türkmenbaşy şäheriniň demirgazygyndaky Hazar kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde gurlan deňiz metal sehinde ýygnandy. Ol bu ýerde öndürilen dördünji buraw platformasydyr. GDDP-A boýunça iş 2013-nji ýylda başlandy we platformanyň dizaýny hem-de gurluşygy 8 ýyla golaý wagt aldy.
Buraw platformasy kenara 14 dýuým turbageçiriji bilen birikdirildi. Öndürilen çig nebiti sorup, soňra Gaz arassalaýyş zawodyna we deňizdäki gaz terminalyna gider. Ugurdaş gaz, elektrik öndürmek üçin bölekleýin ulanyljak ýörite gaz geçirijisine iberiler.
Kenardan platforma monoetilen glikol iberiler, bu çig nebit bilen garylyp, ol guýudan Gaz arassalaýyş zawodyna we deňizdäki gaz terminalyna barýan nebite ýolda goýulaşmaga ýol bermez.
GDDP-A iň häzirki zaman tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan we doly özbaşdak işlemek üçin niýetlenendir. Beýleki şuňa meňzeş nebit öndürýän gurluşlardan tapawutlylykda platformada hemişelik işleýän işgärlere mätäçlik ýok.
GDDP-A buraw platformasyndan ilkinji nebiti 2021-nji ýylyň awgust aýynda alynmagy meýilleşdirilýär. Platformanyň meýilleşdirilen önümçilik kuwwaty günde 10 müň barrel.
Türkmenistanda PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd (Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň golçur kompaniýasy) «Blok 1» şertnamalaýyn deňiz çäginde taýýar önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň esasynda hereket edýär. Bu şertnama Türkmenistanyň hökümeti bilen 1996-njy ýylyň iýul aýynda gol çekildi. Bu ýyl kompaniýa Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyny bellemegi meýilleşdirýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.