«ARETI» Aşgabatdaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri boldy

15:24 28.04.2021 24240

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2091/original-1608906fee3e05.jpeg

Türkmenistanyň öňden gelýän daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň biri bolan «ARETI» halkara kompaniýalar topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri boldy.

Bu forum, mümkin bolan maýadarlaryň nebit-gaz pudagy we gaz himiýasy boýunça täze maýa goýum taslamalary baradaky habardarlygyny artdyrar, irki ýataklarda nebit-gaz önümçiligini işjeňleşdirmäge, şeýle hem Hazaryň Türkmen kenaryndaky ýataklaryň ösüşini güýçlendirer.

«ARETI» HKT (öňki «ITERA») 1992-nji ýylda rus telekeçisi Igor Makarow tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýanyň esasy işi: tebigy gaz, çig nebit we nebit önümleri, nebit söwdasy, inženerçilik we dizaýn işleri we beýleki iş görnüşleri ýaly nebit-gaz pudagyna maýa goýumlary.

Türkmenistanda «ARETI» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Blok 21-de ýurdumyzyň hökümeti bilen gol çekilen Önüm paýlaşmak şertnamasy esasynda iş alyp barýar.

«ARETI-iň» düzümine Türkmenistana, Şweýsariýa, Russiýa, GDA we Baltika ýurtlaryna, ABŞ, Kanada, Günbatar Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna degişli onlarça golçur we şahamça girýär.

Başga makalalar
164e09e155e53f.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar

Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.


161b99cf32f319.jpeg
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161b99c99a4f0e.jpeg
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.


16864f036552e3.jpg
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.


1686297c52240a.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.