Türkmenistan we Gyrgyzystan nebitgaz, dokma we azyk senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
17:11 20.05.2021 21687
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýew bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Energetika we senagat, dokma önümçiligi, azyk söwdasy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi. Taraplar nebitgaz pudagyndaky taslamalaryň geljegi bilen bagly pikir alyşdylar.
Şeýle-de Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýewiň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
3-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler
Treýderleriň indiki aýda spot bahalaryň peselmegine garaşýandygyna garamazdan, Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiniň bahalaryny sentýabrda ýokarlandyrar. Bu barada Praým agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär. Geljek aýlar nebit bazary üçin aýgytly bolup biler diýip, treýderler hasaplaýar.
Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy
Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.
Türkmenistan YHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça başlangyçlaryny beýan etdi
3-nji fewralda daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE we içerki bazara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.