Türkmenistanyň we Hindistanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda TOPH taslamasyny maslahatlaşdylar

15:41 14.10.2021 5378

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3097/original-16166863e97189.jpeg

Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerinde özara bähbitli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Ýokary derejedäki türkmen-hindi gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigi bellenilip geçildi. Şol sanda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça alnyp barylýan özara hereketleriň mümkinçilikleri hem nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegiň maksada laýyklygy beýan edildi.

Häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini nygtamak bilen, diplomatlar iki ýurduň sebit we halkara derejelerindäki özara hereketleriniň hem önjeýliligini bellediler. Hususan hem, Türkmenistanyň we Hindistanyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň işjeň häsiýeti nygtaldy. «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nygtaýşy ýaly, özara hereketleriň bu formaty meseleleriň giň toplumyny işjeň ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Ministrler şeýle-de taraplaryň geljegi uly bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamalasynyň amala aşyrylmagy boýunça alyp barylýan işjeň gatnaşyklaryny hem belläp geçdiler.

Başga makalalar
167ea46df63a9a.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

30-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.


167eb82fb3ca39.jpg
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.


167eb83222c895.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri telefon arkaly söhbetdeşlikde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16315c2ecd2e59.jpeg
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady

«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.


167eb835a06e6b.jpg
Birža söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.