TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleriniň önümçiligini giňeldýär
11:06 18.11.2021 13736
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilýändigi barada wise-premýer Şahym Abdrahmanow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.
Hususan-da, bellenilişi ýaly, şol önümleriň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen «Turkmenoil Advance 5W-40» we «Turkmenoil Premium 5W-40» markaly ýarym sintetiki çalgy ýaglary, şeýle hem gämiler üçin niýetlenen ýangyç, azyk, saglygy goraýyş, senagat önümlerini gaplamak we bezeg işleri üçin niýetlenen alýumin çaýylan polipropilen örtügi bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Nebitgaz senagatynyň kuwwatyny netijeli ulanmak bu ugurda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.
Häzir Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürmek hem-de daşary döwletlere ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň eksportyny hem ýylsaýyn artdyrýar. Şunda tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegine hem-de täze önümleriň öndürilmegine uly ähmiýet berilýär diýip, türkmen Lideri döwlete degişli däl pudagyň wekillerini bu işe çekmek bilen, olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy tabşyrdy.
Wise-premýere bellenilen meýilnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak barada tabşyryk berildi.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.