OPEC+ ýurtlary iýul aýynda nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça ylalaşygy 95% ýerine ýetirdiler

11:27 26.08.2020 1174

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/517/original-15f3b64dcbb423.jpeg

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygyny ýerine ýetirmegiň derejesi iýul aýynda 95%-e ýetdi. Iýunda bu görkeziji 107% boldy. Şeýlelikde, guramanyň döwletleri iýulda bazardan 9,2 mln b/g nebit azaldyp, ylalaşygy 0,5 mln b/g amal etmediler. Bu netijeleri  OPEC+ tehniki geňeşi duşenbe güni getirdi, diýip TASS belleýär.

OPEC döwletleri aýratynlykda iýul aýynda 95 % ýerine ýetirdiler (guramanyň on agzasy nebit çykarylyşyny çäklendirýär, wenesuela, Eýran we Liwiýa bu borçnamalardan boşadylan). Iýun aýynda guramanyň döwletleri Saud Arabystanynda, BAE-de we Kuweýtde nebit çykarylyşynyň meýletin hem goşmaça çäklendirilmegi mynasybetli ylalaşygy 112% ýerine ýetirdiler. Iýul aýynda olar ylalaşykda bellenilen çäklere dolandylar.

Ylalaşykda heniz hem Gabon autsaýder bolmagynda galýar, ol yza galmaklygyň öwezini dolmagy ylalaşandygyna garamazdan,  iýul aýynda nebitiň çykarylyşyny meýilnamadan bary-ýogy 3%-ni ýerine ýetirdi Ondan soňra Kongo (meýilnamadan 54%), Ekwatorial Gwineýasy (meýilnamadan 66%0. Yrak we Nigeriýa iýul aýynda yza galmaklygy aýyrdylar we meýilnamadan 85% ýerine ýetirdiler.

Ylalaşygy ýerine ýetirmekde iň ýokary görkeziji Saud Arabystanynda (103%) we Kuweýtde (101%). OPEC däl döwletler iýul aýynda nebit çykarylyşyny meýilnamadan 96% ýerine ýetirdiler (iýunda – 98%). Hususan-da, Russiýa ylalaşygy 96% ýerine ýetirip, nebitiň çykarylyşyny 2,409 mln b/g çäklendirdi.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


15f73033b57900.jpeg
Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek boýunça öňdeligi saklaýar

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gaz eksportunyň göwrümi boýunça birinji orunda durýar, bu barada hytaý gümrükhanasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen Interfaks habar berýär.


15fa3a9161a093.jpeg
Nebitgaz toplumynyň talyplary nazary bilimleri tejribe bilen utgaşdyrýarlar

Şu günler Daşoguz welaýat häkimliginiň №2 hünär mekdebiniň talyplary «Daşoguzgazçykaryş», «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliklerinde, Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynda we welaýatyň nebitgaz toplumynyň beýleki önümçilik edaralarynda nazary bilimler bilen bir hatarda önümçilik başarnyklaryny hem berkidýärler.


15fd1ff7e5ca31.jpeg
Türkmenistanda nebitiň sarp edilişi durnukly ösýär — Eni

Türkmenistanyň içerki bazarlarynda nebitiň sarp edilişiniň depgini durnukly ýagdaýda ösýär. Bu barada Eni italýan nebitgaz kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan World Oil Review 2020 hasabatynda aýdylýar.