Türkmenistan eksport ugurly polimer önümleriniň önümçiligini artdyrýar

19:44 27.08.2020 11259

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/560/original-15f45e9945e4bd.jpeg

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýurdumyz boýunça polipropilen önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40,5%, polietilen – 140% ýokarlandy. Şol bir wagtda öndürilen polipropileniň fiziki göwrümi 71,1 müň tonna, poietilen bolsa 137,4 müň tonna deň boldy.

Bu hili depginli ösüş Balkan welaýatynda Gyýanly şäherçesindäki sebitiň iri gazhimiýa toplumynyň doly önümçilik kuwwatyna çykmagy bilen şertlenendir.

Gyýanly şäherçesinde Gazhimiýa toplumynyň gurluşygy «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Hyundai Engineering Go.Ltd», «LG International Corp» (Koreýa respublikasy) we «Toyo Engineering Corp» (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen şertnamasynyň esasynda amala aşyryldy.

Önümçilik kuwwaty ýylda 381 müň tonna polietilene we 81 müň tonna polipropilene barabar bolan kärhana 2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa girizildi.

Bu taslama Ýewropanyň we Ýewraziýanyň eksport-kredit edaralary tarapyndan maliýeleşdirilýän 2014-nji ýylyň iň gowy taslamalarynyň onusyndan biri hökmünde «TXF» (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Gyýanly GHT-nyň netijeli işi Türkmenistanda eksport ugurly önümiň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün eder.

Başga makalalar
166691fb47d107.jpg
Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» atly maslahat geçirildi. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýokarda agzalan edaranyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen dabaraly çärä «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümlerinde zähmet çekýän hünärmenler, ylmy işgärler gatnaşdy.


1648802ec4f9fb.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.


166691f71d15fe.jpg
Ylym «gara altyndan» berdi ak bagtym

Şeýle at bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.


1620115c6f2c9d.jpeg
Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


16200db436210a.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.