Mun Çže In Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy

21:50 31.08.2020 8787

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/578/original-15f4c9a8f565b4.jpeg

Türkmenistan Koreýa Respublikasyny özüniň ygtybarly işewür hyzmatdaşy hasaplaýar. Ýurdumyz onuň bilen mundan beýläk-de bar bolan ägirt uly kuwwata hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy.

— Biz koreý kompaniýalarynyň işjeňligini goldaýarys we mundan beýläk hem olaryň biziň ýurdumyzda alyp barýan işine hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip, Türkmen Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynda işleýän koreý kompaniýalarynyň köpýyllyk üstünlikli işi onuň möhüm bölegidir. Nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, Gyýanly şäherçesinde döwrebap polimer zawodyny gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ulag ulgamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistana gelip gowşan bütin dünýäde meşhur «Hyundai» awtobuslarynyň nobatdaky uly tapgyry, ýagny 400-si şeýle ysnyşykly gatnaşyklaryň aýdyň netijeleriniň biridir.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In Hökümetara toparlaryň we Işewür geňeşleriň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ornuny belläp, Türkmen-koreý işewür geňeşiniň golaýda geçirilen nobatdaky mejlisiniň döwletara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Häzirki wagtda tutuş adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan täze, örän howply wehimi — COVID-19 täze görnüşli ýokanç keseli nazara almak bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklar örän wajyp hasaplanylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow koreý tarapyna Türkmenistana lukmançylyk hem-de şahsy goranyş serişdeleriniň iberilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ädime iki halkyň arasyndaky dostlugyň we özara ynanyşmagyň hakyky aýdyň ýüze çykmasy hökmünde baha berýändigini nygtady.

Türkmen Lideriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramaga yhlasly çemeleşýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, Mun Çže In 2019-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistana bolan döwlet saparyny hemişe aýratyn mähir bilen ýatlaýandygyny belledi. Ýurdumyz Merkezi Aziýada Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary wezipä girişenden soň, sapar bilen gelip gören döwletleriniň ilkinjisi boldy.

Koreý Lideri öz ýurdunyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen köpugurly netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, türkmen kärdeşini nobatdaky duşuşygy üçin oňaýly daşarky şertler döredilende, özi üçin islendik amatly wagtda Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijeli häsiýetine ýokary baha berdiler.

Başga makalalar
166691fb47d107.jpg
Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» atly maslahat geçirildi. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýokarda agzalan edaranyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen dabaraly çärä «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümlerinde zähmet çekýän hünärmenler, ylmy işgärler gatnaşdy.


1648802ec4f9fb.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.


166691f71d15fe.jpg
Ylym «gara altyndan» berdi ak bagtym

Şeýle at bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.


1620115c6f2c9d.jpeg
Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


16200db436210a.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.