«Türkmengaz» DK-nyň pudaklaýyn instituty täze ylmy gollanmany neşir taýýarlady

«Türkmengaz» DK-nyň pudaklaýyn instituty täze ylmy gollanmany neşir taýýarlady

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» atly makalalar toplumyny çapa taýýarlady.Neşir ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplaryny giň toplumy üçin niýetlenildi. Bu gollanma ugurdaş ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, şeýle hem konserniň hünärmenleriniň işleri goşuldy.Neşiriň alty sany bölümi geologiýa, geofizika we gidrogeologiýa, nebit we gaz guýularyny burawlamak, gaz we gaz kondensatly känler işläp taýýarlamak we ulanmak, çig maly gaýtadan işlemek, şeýle hem promysel enjamlaryny ulanmak ulgamynda gazanylanlar we öňdebaryjy barlaglar bilen tanyş edýär.Gollanma şeýle hem energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça alymlaryň işleri we pudagyň ösüşine seljerýän makalalar girizildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993