Birža söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümleri içerki we daşarky bazara iberildi
14:43 20.12.2022 4352
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 727 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 7 million 810 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 110 million 726 müň manatlykdan gowrak “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit koksuny we nebit ýol bitumyny, metalyň ýüzlerini ýaglardan we beýlekilerden arassalamak üçin serişdeleri, plastik önümleri satyn aldylar.
Türkmenistan YHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça başlangyçlaryny beýan etdi
3-nji fewralda daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy
Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.
Türkmenistan Owganystanyň dikeldilmegine gyzyklanma bildirýär - DIM
Türkmenistan Owganystanyň täzeden dikeldilmegine, dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagyna we infrastrukturasynyň ösüşine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahatda eden çykyşynda belledi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler
Treýderleriň indiki aýda spot bahalaryň peselmegine garaşýandygyna garamazdan, Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiniň bahalaryny sentýabrda ýokarlandyrar. Bu barada Praým agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär. Geljek aýlar nebit bazary üçin aýgytly bolup biler diýip, treýderler hasaplaýar.
Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
3-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.