CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 17.01.2023 – 30.01.2023

14:14 18.01.2023 737

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmek we guýulary işläp taýýarlamak üçin tehniki hyzmatlary bermek boýunça №CIT-22094-SR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

1.           Tendere gatnaşmak üçin arza;

2.        Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy maglumat bermeli;

3.        Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;

4.        Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;

5.        Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

            Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar boýunça Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

    Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 14 (on dört) iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri elektron salgy boýunça we bellenen möhletden giç tabşyrylsa, kabul edilmeýär.

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Başga makalalar