CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 01.02.2023 – 14.02.2023

14:47 02.02.2023 2062

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasyndaky desgalaryň goragy boýunça № CIT-22117-SR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  •        Tendere gatnaşmak üçin arza;

•          Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat;

Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi;

•          Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat;

•          Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;

•          Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.  

     Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

 Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Başga makalalar