Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
13:41 28.09.2020 23846
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň çäklerinde sergi gurnaldy, täze neşir onuň özenini düzdi. Dabaraly çäre «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitgazhyzmat» müdirliginiň medeni merkeziniň aýdym-saz toparlarynyň we ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Çäräniň açylyş dabarasynda wise-premýer Myratgeldi Meredow çykyş etdi, ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň aýratynlyklary, milli gymmatlyklarymyzy ilerletmekde onuň gymmaty barada gürrüň berdi. Ýaş nesilleri ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelemekde bu kitabyň ýolgörkeziji boljakdygy bellenildi.
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň ajaýyp edebi-filosofik eseri umumydünýä medeni hazynasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat eder.
Çäräniň dowamynda şeýle hem «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory U.Ussaýew, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor N.Suhanow we beýlekiler çykyş etdiler.
Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, many-mazmuny babatynda bahasyna ýetip bolmajak “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän gymmatly halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli ýagdaýda toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alyp barýan tagallalarynyň we ylmy-çeperçilik işiniň juda ähmiýetlidigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Dabara tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.