Türkmenistanda gazy peýdalanmagyň kadalary döwrüň talaplaryna laýyk getirildi
10:48 23.09.2020 10035
Türkmenistanda «Türkmenistanyň ilatyna gaz bermegiň Kadalaryny» hem-de «Türkmenistanda kärhanalaryň we guramalaryň gazy peýdalanmagynyň Kadalaryny» kämilleşdirmek, olary döwrüň talaplaryna kybap getirmek boýunça alnyp barylýan işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabatyň çäklerinde habar berdi.
Kadalarda iberilýän gazy hasaba almagyň, hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde geçirmegiň düzgünleri, taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi kesgitlenildi. Tebigy gazy sarp edijileriň howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý etmekleri we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeýän gaz geçiriji ulgamlary özbaşdak çekmekleriniň, şeýle hem tehniki talaplara laýyk gelmeýän gaz gurallaryny ulanmaklarynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli we rejeli ulanylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Döwlet Baştutany «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň, ýaşaýyş we jemagat hojalyk desgalaryny, senagat kärhanalaryny gazlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz önümçilik we durmuş ulgamlaryna döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem tebigy gazyň sarp edilişini hasaba alyş ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ýurdumyzyň senagat pudagyny okgunly ösdürmek, ösüşi üpjün etmek hem-de halkymyzyň ykdysady-durmuş şertlerini gowulandyrmakda gaz pudagyna ähmiýetli orun berilýär.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.