Türkmenistanyň Prezidenti dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin şertleri döretmäge çagyrdy
20:04 25.09.2020 7277
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisi başlandy. Şonuň çäklerinde döwlet we hökümet baştutanlarynyň çykyşlary başlandy. Ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň wideoýüzlenmesinde ählumumy ykdysadyýete, halkara we sebit hyzmatdaşlygyna, howpsuzlygyna, saglygy goraýşa we durmuşyň beýleki ugurlaryna degişli möhüm başlangyçlary we teklipleri öňe sürüldi.
Hususan-da, bellenilişi ýaly, koronawirus pandemiýasy ählumumy ykdysadyýetiň barşyna we ugurlaryna ep-esli derejede ýaramaz täsirini ýetirýär, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny çynlakaý bökdeýär.
Şu babatda Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine umyt edýär, diýip türkmen Lideri belledi.
Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin şertleri döretmek zerurdyr.Biziň pikirimizçe, şunda energetika, ulag, senagat we söwda ulgamlary möhüm ugurlar bolmalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, 75-nji mejlisiň barşynda Türkmenistan energiýanyň iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara-hukuk guralyny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýär.
Türkmenistan ulag meselesi babatda giň halkara gatnaşyklarynyň başyny başlaýjylaryň biri hökmünde adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe halkara ýük daşalyşynyň durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýär. Biziň ýurdumyz tarapyndan Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň degişli taslamasy taýýarlanylyp, ol BMG-a agza döwletleriň garamagyna iberildi.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň geljek ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahaty bu mesele babatda ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin anyk meýdança öwrüler diýip pikir edýäris, diýip Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtady.
Dünýä ykdysadyýetini dikeltmek, söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça işlerde Bütindünýä söwda guramasy öz üstüne esasy wezipäni almalydyr. Türkmenistan ýakynda BSG-niň synçy derejesini alandygyny ugur edinip, şunuň bilen baglylykda, ählumumy ykdysadyýetdäki çökgünlik ýagdaýlaryny çalt ýeňip geçmek, ony oňyn depginli ösüşe geçirmek boýunça anyk çäreleri öňe ilerletmek üçin açylýan mümkinçilikleri netijeli peýdalanar, diýip Prezident belledi.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.