«Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň sekiz aýynda uly zähmet üstünliklerini gazandylar. Geçen döwürde tebigy gazyň çykarylyşy 5,7 mlrd kub metre deň boldy, şol bir wagtda meýilnama 5%-den artygy bilen ýerine ýetirildi.
Seýdiniň NGIZ üçin zerur çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň çykarylyşy hem artdy we 35,8 müň tonna deň boldy. Goşmaça 1000 tonna çykaryldy.
Ýokary netijeleriň gazanylmagynda Demirgazyk Balguýy önümçilik liniýasynyň gazçylarynyň tagallasy az däl. BU ýerde gaz kondensatynyň düýpli möçberleri çykarylýar. Görkezilen döwürde Seýdiniň NGIZ-ne 63,1 müň tonnadan gowrak çig mal iberildi.