Aşgabatda ilkinji gezek wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň — halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisi öz işine başlady. Ol iki palataly parlamenti döretmek meselelerine seredip geçer.
Halk Maslahatynyň mejlisi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Forumyň işine hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýaşulular we ýaşlaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Umumymilli forumyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Şolaryň esasylarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion Kanun bar.
Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatynyň wekilleri sebitleriň dolandyryş merkezlerindäki Ruhyýet köşklerinde, Ahal welaýatynda — «Ak öý» binasynda, Aşgabatda şäherinde bolsa, «Mekan» köşgünde ýygnandylar.