Prezident: dünýädäki çökgünlige garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüşini saklap galdy

Prezident: dünýädäki çökgünlige garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüşini saklap galdy

Dünýädäki çylşyrymly maliýe we ykdysady şertlere garamazdan, Türkmenistan ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazandy, ep-esli maliýe serişdelerini ätiýaçda saklamagy başardy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň geçen ýylky ýygnagynda kabul edilen ýurduň ösüşi üçin bäş ýyllyk maksatnamany häzirki kyn şertlerde durmuşa geçirmek üçin ähli çäreleri görmelidiris diýip belledi.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy sosial gurşawa gönükdirilýär. Uly maliýe serişdeleri etraplardaky we etrap merkezlerindäki obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň ilatynyň sosial we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga sarp edilýär. Geljek ýyl hem biz Döwlet býujetiniň hasabyna maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdireris diýip, türkmen lideri aýtdy.

Şular bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ösdürmek üçin bölünip berilýän karz serişdeleriniň mukdaryny köpeltmek, kiçi önümçiligi höweslendirmek, ilat üçin karz we maliýe serişdeleriniň göwrümini ýokarlandyrmak gerek diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Mundan başga-da, Döwlet býujetinden bölünip berilýän pul serişdeleriniň köp bölegi, türkmen lideriniň aýtmagyna görä, bilim, saglygy goraýyş pudagyna we Pensiýa gaznasyna gönükdiriler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993