Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň senagat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
13:45 28.09.2020 8200
Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde belledi.
Bellenilişi ýaly, düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna Gyýanlyda gazhimiýa toplumyny, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda fosfor dökünini öndürýän önümhanany, Daşoguz welaýatynda gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak, «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamalary, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, diýip türkmen Lideri belledi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda aýna önümlerini, dürli magdan däl gurluşyk materiallaryny, gury ýelim garyndylaryny we demirbeton önümlerini öndürýän täze önümçilikleri döretmäge uly möçberde maýa goýumlary goýuldy. Netijede, gurluşyk materiallary senagatynyň önümçiligi birnäçe esse artdy.
Türkmen Lideriniň pikirine görä, geljekde gurluşyk toplumynyň esasy wezipeleri, birinjiden, özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň paýyny we zähmet öndürijiligini artdyrmakdan ybaratdyr. Ikinjiden bolsa, gurluşyk önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny we hilini, gurluşyk işleriniň hem-de toplumyň hyzmatlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdyr.
Biz ýaňy-ýakynda hem oba hojalyk ýurdy bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde elektron tehnikalary, şol sanda kompýuterleri öndürýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde biziň öňümizde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen birlikde, şäherdir obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly möhüm wezipeler hem durýar.
— Uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikler döredilýär. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlary hem köpeldilýär. Şunuň bilen birlikde, biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Merkezi Garagumda ýylda 2 milliard kub metr tebigy gazy gysyjy desganyň gurluşyk işlerini çaltlandyrmalydyrys – diýip döwlet Baştutany belledi.
Biz dokma senagatynyň önümçilik binýadyny hem yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirýäris. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Şonuň netijesinde, içerki we daşarky bazarlara dürli görnüşli önümleri çykarmak ýola goýulýar. Bu dokma önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky täze dokma toplumlarynyň ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi bilen, pudagyň önümçilik kuwwaty has-da artar – diýip Türkmen Lideri belledi.
Biz Gün we ýel energiýasyny peýdalanmagyň mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutýarys. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu ýerde gurulýan döwrebap oba we desgalar Gün we ýel elektrik stansiýasynyň hasabyna energiýa bilen üpjün ediler. Ýurdumyzyň içinde energiýa halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işleri hem dowam ederis – diýip türkmen Lideri çykyşynda belledi.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.