Iki palataly Parlament — Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi

Iki palataly Parlament — Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion Kanuna gol çekdi. Resminama ýurdumyzda iki palataly Parlamenti döretmekligi göz öňünde tutýar.

Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň we Mejlisiň deputatlary bu resminamany makullanyndan soň, oňa gol çekdi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşine täzeçe itergi berjek ägirt uly taryhy wakadyr.

— Biz Konstitusion Kanunyň kabul edilmegini ýurdumyzyň demokratiýalaşdyrylmagynda ýene-de bir möhüm ädim hasaplaýarys. Men Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň halkymyzy birleşdirýän we täze belentliklere ugrukdyrýan umumymilli wekilçilikli edara öwrüljekdigine pugta ynanýaryn – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

— Biziň maksadymyz — gadyrdan halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdir. Şunuň hatyrasyna biz durmuş syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis. Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ösüşini tizleşdirmek, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary ederis – diýip Prezident belledi.

Biziň ileri tutýan wezipelerimiz, içeri syýasatymyz we daşary syýasat ugrumyz üýtgewsiz galar — diýip türkmen Lideri nygtady.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993