«Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy»

16:54 03.02.2023 1788

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/6753/original-163dcafa62257a.jpeg

Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň zähmet köpçüligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow açdy.  Döwlet ministriniň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak üstümizdäki ýylyň ilkinji aýy örän möhüm taryhy wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 21-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi, onda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ösüşler üçin giň gözýetimleri açdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy mejlisi ata Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleriniň mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berildi.

     «Türkmennebit» DK-nyň başlygy Guwanç Agajanowyň çykyşy taryhy maslahatda kabul edilen çözgütler barada boldy:

—     Mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy netijesinde, Türkmenistanyň iki palataly Milli Geňeşi bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrüldi, şeýle-de halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi. Munuň özi mejlise gatnaşyjylarda, tutuş türkmen halkynda, şonuň bilen birlikde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz toplumynyň ähli agzybir işgärlerinde giň goldawa we gyzgyn makullama eýe boldy.

Soňra «Türkmengeologiýa» DK-nyň başlygy Merdan Rozyýewiň çykyşy diňlenildi:

 — Kabul edilen taryhy çözgütler milli demokratiýany has-da kämilleşdirmäge, durmuş-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga itergi berer. Gahryman Arkadagymyzyň örän ýerlikli belleýşi ýaly, ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün eder.  

    Dabaraly maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Myrat Baýramgylyjow we beýlekiler hem çykyş etdi. Olar, hususan-da, konstitusion özgertmeler, hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi we bu çözgüdiň halkymyzyň arasynda giň goldawa eýe bolandygy, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen nebitgaz senagatynyň okgunly ösdürilişi hakynda durup geçdiler.

      Dabarada nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ajap aýdymlary ýaňlandy. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize Ýüzlenme kabul edildi.  

Mämmet MÄMMEDOW,

«Nebit-gaz».

Başga makalalar
162e0de37dde7d.jpeg
API-niň ABŞ-da ätiýaçlyklaryň pese düşýändigi baradaky maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, Brent — 104,58 dollar

Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da ätiýaçlyklaryň birden peselmegini görkezýän maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary çarşenbe güni az-kem ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.


162de7cebeb1d1.jpeg
Treýderler Ýewropada gazyň ýokary bahalarynyň geljek ýyllarda saklanyp galmagyna garaşýarlar

Ýewropada tebigy gazyň bahalary teklibiň az bolmagy netijesinde ýakyn ýyllarda ýokary bolmagynda galar diýip treýderler çaklaýar. Bu barada Interfaks habar berýär.


162df95a4663ba.jpeg
Owganystan türkmen suwuklandyrylan gazynyň importyny artdyrýar

Duşenbe güni owgan habar beriş serişdeleri Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gazyň importynyň artandygyny habar berdiler. Neşirlerde bellenilmegine görä, bu barada beýannamany ykdysady toplumyň mejlisinden soň, talibanlaryň wagtlaýyn hökümeti neşir etdi.


162e0deab41c93.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 2200 dollardan gymmatlady

«Demirgazyk akymynda» gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine 2200 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.


162e22fee3ae96.jpeg
Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy

Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.