Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär
05.07.23 - 16:44Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi
04.07.23 - 12:16Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Wenada OPEC-iň seminarynda energiýa howpsuzlygy, energogeçiş we maliýeleşdirme meseleleri maslahatlaşylar
04.07.23 - 12:15Wenada Hofburg imperator köşgünde 5-6-njy iýulda OPEC-iň «Durnukly we inklýuziw energetiki geçişe tarap ýolda» atly 8-nji halkara seminary geçiriler.
Arkadag şäherinde Halkara maýa goýum forumy geçirildi
03.07.23 - 07:26Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ertesi, 30-njy iýunda täze şäheriň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi.
Türkmenistanyň Baştutany «akylly» şäher Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy
02.07.23 - 14:2429-njy iýunda, penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň paýtagtyndan 30 kilometrlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Rejep Ärdogan Türkmenistanyň Baştutanyny Arkadag şäheriniň üstünlikli açylmagy bilen gutlady
02.07.23 - 14:23Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Baştutanyny «akylly» şäher Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady diýip, TDH habar berýär.
«Akylly» şäher Arkadaga 21 sany halkara sylag gowşuryldy
02.07.23 - 14:23Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriň açylyşy mynasybetli dabaranyň çäklerinde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady
28.06.23 - 21:25Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady. Baýramçylyk 28-29-30-njy iýunda baýram edilýär.
«Nebitmaş» kärhanasy nebitgaz pudagy üçin enjamlaryň önümçiligini ýola goýdy
27.06.23 - 12:20Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümine girýän «Nebitmaş» döwlet kärhanasy nebitgaz pudagynyň önümçilik zerurlyklary üçin enjamlaryň önümçiligini ýola goýdy.
Birža söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
27.06.23 - 12:19Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk başlandy
26.06.23 - 11:50Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda 28-nji gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.
«Türkmengaz» DK-nyň önümçilik desgalarynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdirilýär
26.06.23 - 11:51Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Almatada Merkezi Aziýada energetiki geçişi amala aşyrmakda zenanlaryň orny maslahatlaşyldy
23.06.23 - 13:40Türkmenistanyň zenan wekilleri 12-15-nji iýunda Almata (Gazagystan) şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýada energetika geçişini amala aşyrmakda zenanlaryň orny» atly okuwa gatnaşdylar.
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazynyň eksportyny ýanwar-maý aýlarynda 13,5% artdyrdy
23.06.23 - 09:53Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde öňdebaryjy orny eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk türkmen «mawy ýangyjy» iberildi, şol bir wagtda ösüş 13,5%-e deň boldy. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär.
Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynda metal çelekleriň üçüsi ulanylmaga berildi
22.06.23 - 07:54«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat şahamçasynyň gurluşykçylary üç müň kub metrden köpräk nebit önümlerini saklamaklyga niýetlenilen uly göwrümli täze metal çelekleriniň üçüsini Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynda ýokary hilli gurup, ulanmaga berdiler. Munuň özi kärhana gelip gowuşýan nebit önümlerini ygtybarly saklamaklyga hem-de goýbermeklige mümkinçilik berer. Bu bolsa kärhana gelip gowuşýan ýangyç hem çalgy ýaglaryny bökdençsiz kabul etmek ugrunda edilýän aladanyň bir mysalydyr.