Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-nyň daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklibi goldady
25.07.26 - 13:3724-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
«Türkmennebit» DK-nyň kärhanalary birinji ýarym ýyllykda uglewodorodlary çykarmak boýunça meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler
24.07.26 - 18:12«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda ýeriň astyndan çykarylan «gara altynyň» möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady.
Belli žurnalist Jon Defterios OGT 2026 maslahatynyň esasy alyp baryjysy bolar
24.07.26 - 08:35«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze tapgyra girdi. Giň gerimli forum «Energiýa. Sazlaşykly hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler. Guramaçylar dünýä belli žurnalist, ykdysady synçy we moderator Jon Defteriosyň sebitiň esasy pudaklaýyn forumlarynyň birinde esasy halkara moderator hökmünde çykyş etjekdigini tassykladylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Malaýziýa tejribe geçmäge ugradyldy
23.07.26 - 11:50Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bir topary 14-nji iýulda «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde bilim almak we hünärini ýokarlandyrmak üçin Malaýziýa ugradylar.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
22.07.26 - 11:00"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
Mary welaýatynyň «Ýylan» käninde ýokary hilli gazyň akymy alyndy
21.07.26 - 11:15Mary welaýatynyň «Ýylan» käniniň № 04 baha beriş-ulanyş guýusynda 2916 metr çuňluga çenli burawlamak işleriniň netijesinde 2860–2858 metr aralygynda gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak debitli tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
20.07.26 - 10:15«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi
20.07.26 - 11:15Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri makullady
20.07.26 - 10:4618-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
18.07.26 - 15:0017-nji iýulda Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
17.07.26 - 14:4216-njy iýulda Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa bardy diýip, TDH habar berýär.
SOCAR "OGT 2026" halkara maslahatynda we sergisinde esasy hyzmatdaş hökmünde çykyş etjekdigini tassyklady
17.07.26 - 14:37Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) "Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026" (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatyna we sergisine esasy hyzmatdaş hökmünde gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada OGT 2026-nyň guramaçylyk komiteti habar berýär.
Türkmenistan we Germaniýa energetika, ulag, maýa goýumlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
16.07.26 - 12:05Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Germaniýanyň ykdysadyýeti boýunça Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygynda türkmen-nemes söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada 15-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan Indoneziýa we ASEAN ýurtlary bilen ulag, energetika, maýa goýumlary ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
16.07.26 - 12:08Jakarta şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Hornyň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ASEAN ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegi maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
15.07.26 - 17:5414-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.