Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desgany dolulygyna gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi
04.04.23 - 12:28“Türkmennebit” DK Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desganyň taslamasyny düzmek, ony dolulygyna gurmak, işe girizmek hem-de onuň gurluşygy üçin gerekli materiallar we enjamlar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan etdi.
Türkmenistan HHR-den göçme buraw enjamlaryny satyn aldy
04.04.23 - 14:44Türkmenistan ýurdumyzda nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça işleriň depginini tizleşdirmäge ýardam etjek HHR-de öndürilen täze göçme buraw enjamlaryny satyn aldy. Täze XJ 450 we XJ 650 göçme buraw enjamlary Balkan welaýatynyň çägindäki Barsagelmez we Goturdepe nebit ýataklarynda oturdyldy.
Saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin nebitgaz toplumynda zerur çäreler görüldi
03.04.23 - 16:43Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredildi.
Birža söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň, SNGIZ-niň önümleri ýerlenildi
03.04.23 - 17:13Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda eksporta suwuklandyrylan gaz iberildi
31.03.23 - 12:1429-njy martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda täze guýy burawlanylýar
31.03.23 - 19:13Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda taslama çuňlugy 2 müň 60 metr bolan № 148 ulanyş guýusynda buraw işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy
30.03.23 - 16:51Birleşen Milletler Guramasynyň senagaty ösdürmek guramasynyň (UNIDO) Aşgabatdaky Ozon wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hemaýatkärliginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy.
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi
30.03.23 - 16:52Çarşenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda geçirilen mejlisde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
«Gumdagnebit» müdirligi ýanwar-fewral aýlarynda önümiň çykalyş depginini düýpli artdyrdy
31.03.23 - 09:27«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgazçykaryş müdirligi 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda hereket edýän guýulardan 91 müň tonna nebitiň çykarylmagyny üpjün etdi. Şol bir wagtda hasabat döwründe meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 124 göterime deň boldy.
Mary welaýatynda Ýylan käninde gazyň senagat akymy alyndy
29.03.23 - 19:03Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen Ýylan gaz käniniň №01 ulanyş-bahalandyryş guýusynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň buraw brigadalarynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen buraw işleriniň netijesinde mümkin boldy.
Mitro International Türkmenistanyň Dubaýdaky maýa goýum forumynyň altyn gatnaşyjysy boldy
29.03.23 - 11:17Mitro International Limited kompaniýasy Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýda geçjek Halkara forumyň altyn gatnaşyjysy boldy.
Birža söwdalarynda nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri uly islegden peýdalandy
28.03.23 - 16:44Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Dragon Oil we Yug-Neftegaz kompaniýalary Dubaýdaky halkara forumyna hyzmatdaşlygyny tassykladylar
28.03.23 - 18:58Ýene-de iki sany iri daşary ýurt nebitgaz kompaniýasy 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyna hyzmatdaş bolmak meýillerini tassykladylar.
Nebitgaz kompaniýasynyň we pudaklaýyn ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
28.03.23 - 19:00Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň wekilleriniň bu ugurdan ýöriteleşen halkara kompaniýalary we ýokary okuw mekdepleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi
27.03.23 - 18:49Ýekşenbe güni Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.