Aşgabat owgan harytlarynyň sergisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatynyň geçirilýän merkezine öwrüldi

17:04 05.03.2024 1037

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10103/original-165e6ed2d3317e.jpg

Duşenbe güni, 4-nji martda türkmen paýtagtynda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi.

Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň aglabasy ýurdumyzda öz mümkinçiliklerini ilkinji gezek tanyşdyrýarlar. Olar köpugurly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Türkmenistan Owganystanyň syýasy-ykdysady durnuklylygyna, goňşy doganlyk halkyň abadançylygyna we bitewüligine uly gyzyklanma bildirýär. Bu babatda ýurdumyzyň üýtgewsiz garaýşy ýeňillikli esasda elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginde, durmuş maksatly desgalary gurmakda, hünärmenleri taýýarlamakda berilýän ýakyn goldawda hem aýdyň ýüze çykýar.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de Owganystanyň ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümlerini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri äder. Munuň şeýledigine döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri halkara forumlarda öňe süren, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary hem şaýatlyk edýär.

Gürrüň, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy barada barýar. Bu iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetiniň ösmegine, oňa maýa goýumlaryň gönükdirilmegine, möhüm durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönüden-göni ýardam eder.

Elektroenergetika pudagy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň wajyp ugrudyr. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan TOPH gaz geçirijisiniň ugry bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň hem çekilýändigini bellemek gerek. Bu elektrik geçiriji ulgam TOPH taslamasynyň ähli infrastruktura desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge hem şert döreder.

Ýurtlarymyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmekleri ulag-aragatnaşyk pudagynda-da netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Dabarada Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýakyndan goldaw berýändigi, şeýle hem sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy, iki halkyň dostlugyny pugtalandyrmakda goşýan şahsy goşantlary üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. 

Owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, giň gerimli gözden geçirilişiň we işewürlik maslahatynyň geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara oňyn itergi, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze derejelere ýetmäge, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Sergä gelýänler dürli ugurlar boýunça diwarlyklar bilen tanşyp bilerler. Bu ýerde halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy, gök önümler, miweler, azyk önümleri görkezilýär.

Söwda toplumynyň köp sanly diwarlyklary we pawilýonlary serginiň agramly bölegini eýeleýär. Şolaryň hatarynda «Farzad Osman», «Fari Afghan», «Sistan Fahim Ltd», «Asia Aria Ltd», «Rah Now», «Monib Menhaj Noori» ýaly täjirçilik kompaniýalary, azyk önümlerini öndürýän «Zafarani Insaf Ahmadi», gury ir-iýmişleri öndürýän «Sadeqa» kompaniýalary, gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän «Omaid Bahar», «TahaHaidari» kärhanalary, Owganystanyň Zenanlar söwda-senagat edarasy, Owgan üzüminiň eksportyny ösdürmek boýunça müdirlik bar. Azyk önümlerini öndürýän «Ziabi Rashid», «Golestan Arghavan», «Shahd Shamal», «Murtaza Hashimi», pomidor goýaltmasyny öndürýän «Heart Golchin», içgileri öndürýän «Super Cola» we beýleki kompaniýalaryň önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde dürli görnüşli ter gök önümleriň, miweleriň hatary, Owganystanyň azyk senagatynyň harytlary ýerleşdirilipdir. Zagpyranly çaýlar we Gündogaryň beýleki hoşboý ysly goşundylary, gury ir-iýmişler, dürli görnüşli süýjüliklerdir içgiler sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Dokma önümleriniň diwarlygy diňe bir owgan önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini, olaryň çykarýan önümleriniň görnüşlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem şert döredýär. «Aria Omelbelad», «Khalaj Amani Ltd», «Khal Mohammadi Ltd», «Sabir Muradi», «Imran Nasimzada Trading» ýaly kompaniýalar halylaryň köp görnüşlerini, özboluşly nepis palaslary görkezdiler. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ýüňden dokalan halylaryň ajaýyp nagyşlarynyň öwüşgini uzak wagtlap solmaýar we şol bir durkuny saklaýar. Olaryň boýaglary tebigy serişdelerden taýýarlanylýar.

Şol gün gözden geçirilişiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty öz işine başlady. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Maslahata gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň çäklerinde şu gezekki çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň has netijeli guraly hökmünde öňe çykýar.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we üstünlikleri, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada aýdyldy. Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa senagaty, energetika pudaklarynda, durmuş ulgamynda giň gerimli özgertmeleri yzygiderli we maksatnamalaýyn durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesine daýanýan iki ýurduň giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanýandyklaryna ýokary baha berdiler.

Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Ol hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nusgalyk mysaly bolup, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, has giň çäklerdäki parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbitlerine hem laýyk gelýär.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň jemleri boýunça birnäçe resminamalaryň gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Owgan harytlarynyň sergisi 6-njy marta çenli dowam eder.

Başga makalalar
162e0de37dde7d.jpeg
API-niň ABŞ-da ätiýaçlyklaryň pese düşýändigi baradaky maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, Brent — 104,58 dollar

Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da ätiýaçlyklaryň birden peselmegini görkezýän maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary çarşenbe güni az-kem ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.


162de7cebeb1d1.jpeg
Treýderler Ýewropada gazyň ýokary bahalarynyň geljek ýyllarda saklanyp galmagyna garaşýarlar

Ýewropada tebigy gazyň bahalary teklibiň az bolmagy netijesinde ýakyn ýyllarda ýokary bolmagynda galar diýip treýderler çaklaýar. Bu barada Interfaks habar berýär.


162df95a4663ba.jpeg
Owganystan türkmen suwuklandyrylan gazynyň importyny artdyrýar

Duşenbe güni owgan habar beriş serişdeleri Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gazyň importynyň artandygyny habar berdiler. Neşirlerde bellenilmegine görä, bu barada beýannamany ykdysady toplumyň mejlisinden soň, talibanlaryň wagtlaýyn hökümeti neşir etdi.


162e0deab41c93.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 2200 dollardan gymmatlady

«Demirgazyk akymynda» gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine 2200 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.


162e22fee3ae96.jpeg
Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy

Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.