Maslahat geçirildi

09:05 16.04.2024 460

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10501/original-1661d6b94bb9aa.jpg

«Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Zähmeti goramakda kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipeleri we hukuklary» atly maslahat geçirildi.

Nebitgaz toplumynyň önümçilik düzümleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, TKAAM-yň kärdeşler agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň baş tehniki gözegçisi Perhat Öwezow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ylham Jumageldiýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Myrat Baýramgylyjow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi barlaghanasynyň bölüm başlygy Baýramgözel Italmazowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze, döwrebap edara-kärhanalar gurulýar. Olarda işgärler üçin ýokary amatlykly howpsuz zähmet şertleri doly üpjün edilýär. Zähmeti goramak häzirki zaman halkara hukugynyň we milli kanunçylygyň möhüm talabydyr we derwaýys wezipesidir. Şuňa görä-de, ýurdumyzda bu derwaýys işi talabalaýyk ýola goýmaklyga möhüm ähmiýet berilýär.

Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň döwrebap senagat kärhanalarynda zähmeti goramaklyga, ýangyn, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň hem-de önümçilik sanitariýasynyň talaplaryny we kadalaryny doly üpjün etmeklige gönükdirilen çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplaryna hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalary işgärleriň we hünärmenleriň howpsuz iş hem dynç alyş şertleriniň döredilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmakda netijeli meýilnamalaýyn işleri yzygider alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan hem bu babatda netijeli işler geçirilýär. Nebitgaz senagatynyň düzümlerinde geçirilýän şeýle möhüm işleriň hatarynda zähmeti goramak, zähmet howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik boýunça duýduryş, düşündiriş we öňüni alyş çäreleri bar.

Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda geçirilen maslahatyň barşynda kärdeşler arkalaşygynyň hünärmenleri çärä gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlik gurap, sorag-jogap alyşdylar.

Başga makalalar
16100fc2a08cfe.jpeg
TNGIZT-de ýarym ýylda 26 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýurdumyzyň iň iri senagat kärhanalarynyň biri bolup, ol içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň aýry-aýry görnüşleriniň önümçiligini barha artdyrýar.


161023668db9e3.jpeg
Balkan welaýatynda öndürijilikli guýular gazlift usulyna geçirilýär

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda baý nebit känlerini özleşdirmek boýunça işler giň gerim alýar. Sebitde täze, has çuň guýulary burawlamak boýunça işler guramaylykly alnyp barylýar.


16103a63f4cb6b.jpeg
Poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna halkara bäsleşik yglan edildi

«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak hem-de gurmak barada halkara bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň teksti «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.


1653b943023ce7.jpg
OGT – 2023-e tas 50 ýurtdan rekord derejede gatnaşyjy bardy

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara konferensiýa we sergä rekord derejede gatnaşyjy bardy. Bu barada çäräniň jemi boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda forumyň guramaçylary aýtdy.


161038e10785a9.jpeg
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri Hazardaky «Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.