Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

20:40 22.11.2020 7085

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1129/original-15fb612c783f5f.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar iki tarapyň hoşniýetli erk-islegleri netijesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dürli pudaklarda ýakyn işewür gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Bar bolan uly mümkinçiliklerden ugur alnyp, nebitgaz toplumy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, himiýa we dokma senagaty, söwda we maýa goýumy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi, bu ulgamlarda uzakmöhletli hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Türkmen Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Başga makalalar
1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16324066987217.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.