Ekologik medeniýet — «ýaşyl» ýaşaýşyň ýoly
10:36 07.10.2025 1439
Adamlar asyrlar boýy tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, onuň nygmatlaryndan peýdalanyp gelýärler. Alymlar tebigatdan ylham alyp, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdiren uly açyşlary we oýlap tapyşlary edýärler. Soňky asyrlarda sarp edişiň güýçlenmegi bilen tebigy baýlyklaryň gorlary azalyp, daşky gurşawa uly zyýan ýetirilendigi adamyň tebigatdan daşlaşmagyna getirdi. Şol sebäpden häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek, daşky gurşawyň abadançylygy hakynda aladalanmak, tebigy serişdeleri rejeli hem-de oýlanyşykly peýdalanmak ýaly ýörelgeleriň ähmiýeti bütin dünýäde ýokarlanýar. Şol ýörelgeleri ilatyň arasynda ýaýratmak, adamlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak we gündelik durmuşda daşky gurşawyň abadançylygy üçin hereketleri etmek «ýaşyl» ýa-da ekologik medeniýetiň esasy wezipeleridir.
Ekologik medeniýet — medeniýetiň organiki hem-de aýrylmaz bölegi bolup, adamyň aň-paýhasynyň we işjeňliginiň tebigy gurşawa degişli taraplaryny öz içine alýar. Başgaça aýdylanda, adamyň tebigata bolan garaýşy we özüniň gündelik işinde daşky gurşaw bilen bagly hereketleri onuň ekologik medeniýetini kesgitleýär.
Bu gün ekologik medeniýet durnukly ösüşi gazanmagyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Häzir önüm öndürijiler we hyzmatlary ýerine ýetirijiler, ýagny telekeçilik «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly üns berýär. Bu ugurda döwlet hem olaryň başlangyçlaryny goldaýar. Jemgyýetçilik guramalary bolsa adamlaryň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltmaga we ekologik medeniýetini ýokarlandyrmaga kömek edýän dürli çäreleri geçirýärler, taslamalary işläp düzýärler. Bu işleriň ählisiniň möhüm ähmiýetlidigi düşnüklidir. Emma daşky gurşawyň abadan bolmagy her bir adamyň gündelik durmuşyndaky endiklerini üýtgetmegine-de baglydyr.
Ekologik medeniýet adamlaryň tebigatyň abadançylygy babatdaky aň-düşünjelerini kämilleşdirmegi we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany peseltmek üçin anyk hereketleri berjaý etmeklerini, endikleri ýola goýmaklaryny göz öňünde tutýar. Munuň üçin, çagalaryň ekologik sowatlylygyndan başlap, hojalyk gatnaşyklarynyň degişli ugurlaryny täze derejä çykarmagyň zerurdygyny dünýä tejribesinden görmek mümkin. Dünýä tejribesi barada gürrüň açylanda, Skandinawiýa ýurtlarynyň, ýagny Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň we Norwegiýanyň tejribelerine salgylanmak bolar. Statistiki maglumatlara görä, Finlýandiýada her bir ýaşaýjy ýylyň dowamynda 493 kilograma barabar galyndyny zibile taşlaýar. Ýurt derejesinde bu görkeziji 2,8 million tonna barabar bolýar. Şol galyndylaryň 42 göterimi gaýtadan işlenilýär. Şwesiýada we Norwegiýada hem adam başyna düşýän galyndylaryň möçberi, takmynan, goňşy döwletiňkä barabar. Ýöne Şwesiýada galyndylaryň 34,6 göterimi, Norwegiýada bolsa 38%-i gaýtadan işlenilýär.
Bular örän ýokary görkezijiler bolup, onlarça ýylyň dowamynda ilatyň arasynda alnyp barlan düşündiriş işleriniň netijesidir. Ýerli ilatyň galyndylary degişli ugurlar boýunça tapawutlandyrmagy endige öwürmegi ýagdaýa täsirini ýetirendir. Şeýle jogapkärçiligi ösdürmek üçin bu ýurtlarda heniz çagalar bagynda körpeleriň tebigata we daş-töweregiň arassaçylygyna söýgüsini kemala getirýän ekologik sapaklar we oýunlar ýola goýulýar. Uly ýaşly raýatlar zir-zibilleriň degişli ugurlar boýunça ýörite gaplara taşlanmagynyň düzgünlerini bozan halatynda ýokary jerimeler bellenilýär.
Ýewropada Germaniýa, Awstriýa, Sloweniýa we Belgiýa ýaly döwletler galyndylary gaýtadan işlemekde öňdebaryjy orunlarda durýar. Bu ýurtlarda galyndylaryň, takmynan, 54 — 66 göterimi gaýtadan işlenilip, ykdysady maksatlar üçin peýdalanylýar. Germaniýada çaganyň ekologik meselä garaýşynyň şahsy tejribe esasynda kemala gelmegine ähmiýet berilýär. Ýurduň federal çäkleriniň ählisinde ekologik bilimiň we terbiýäniň üznüksizligi kanun esasynda berkidilýär we ilatyň ähli ýaşdaky wekillerine degişli hasaplanýar. Germaniýada geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan bäri ekologik bilim we medeniýet ähli mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilendir. Okuwçylaryň daşky gurşaw we tebigat baradaky bilimleridir terbiýesi degişli ugurda toplanan tejribelere esaslanýar. Olar terbiýeçileriň we mugallymlaryň ýardam bermeginde tebigy hadysalary we şäher gurşawyny öwrenýärler. Galyndylary gaýtadan işlenilmäge ugratmazdan ozal, olary dogry toplamagyň we görnüşlere bölmegiň kadalaryna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýerli dolandyryş edaralary, şol sanda syýasy we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk oňat ýola goýulýar.
Ösen ekologiýa medeniýeti bilen tapawutlanýan ýurtlaryň biri-de Ýaponiýa döwletidir. Bu ýurduň ilaty ýylda 44 million tonna golaý hojalyk galyndylaryny döredýär. Onlarça ýyl mundan ozal şeýle galyndylar ýurt üçin uly mesele bolan bolsa, häzirki wagtda ýaponiýalylar zibilleriň tasdan ähli görnüşini diýen ýaly gaýtadan işlemegi öwrendiler. Şonuň netijesinde ýurtda ähli hojalyk galyndylarynyň 80 göterimine golaýy gaýtadan işlenilýär. Geň ýeri bolsa, munuň üçin mekdeplerde ýörite sapaklar geçilmeýär. Ilatyň ekologik bilimini ýokarlandyrmak ýurduň şäherleriniň jemagat hojalyklarynda uly adamlar üçin guralýan tölegsiz okuwlaryň wezipesi bolup durýar. Her sebitiň jemagat hojalyklary okuwlary degişli çäklerdäki zerurlyklara laýyklykda guraýar.
Aziýa ýurtlaryndan ekologik medeniýeti ornaşdyrmakda Birleşen Arap Emirlikleri özboluşly tejribesi bilen tapawutlanýar. Ekologik bilim boýunça döwletiň ýörite başlangyçlary, maksatnamalary eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky ilkinji synanyşyklar ýokary netije bermese-de, 2009-njy ýylda «Durnukly mekdepler» başlangyjy ýola goýulýar. Bu başlangyç esasynda mekdepler suw üpjünçilik, elektrik energiýasy, galyndylar, ulag ulgamlarynda ýöriteleşen döwlet edaralary, hususy pudak, jemgyýetçilik guramalary we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Bu başlangyjyň ilkinji 10 ýylda mekdeplerde suwuň sarp edilişini ortaça 41,6 göterim, elektrik energiýasynyňkyny bolsa 17 göterim peseltmäge kömek edendigini bellemek gerek. Emirliklerde mekdepleriň gatnaşmagynda deňiz kenaryny arassalamak, ýerli ösümlikleri ekmek, suwy tygşytlamak üçin ýaşyl zolaklary emeli ot bilen örtmek, gaýtadan işlenilen materiallardan zibil gutularyny taýýarlamak, ähli çyralarda elektrik energiýasyny tygşytlaýan lampalary oturtmak, ýokary synplarda okuwçylaryň kagyz ulanmazlygy üçin ähli işleri planşetlerde we kompýuterde ýerine ýetirmek ýaly başlangyçlar ýola goýulandyr.
Ekologik medeniýeti berkitmek bilen, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmagyň ýene bir ugry öý hojalygynda sarp edilýän suwuň we energiýanyň möçberini azaltmaga kömek edýän çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglydyr. Energiýa serişdelerini tygşytlamak we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ulanylyşyny höweslendirmek Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-njisinde (Hemmeler üçin energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we häzirki zaman çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek) kesgitlenilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan döwlet maksatnamalary bilen birlikde, her bir adamyň gündeki durmuş işjeňligi arkaly möhüm goşant goşup biler. Sebäbi statistika maglumatlaryna laýyklykda, dünýäde sarp edilýän energiýanyň 25 göterimine golaýy öý hojalyklarynda sarp edilýär.
Öý hojalyklarynda daşky gurşawyň we tebigatyň abadançylygy hakynda aladalanmak babatda energiýa tygşytlaýjy yşyklandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, ulanylmaýan enjamlary öçürmek we elektrik çeşmesinden aýyrmak, ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny dogry ulanmak, az energiýa harçlaýan hojalyk tehnikalaryny ulanmak, suwy tygşytly peýdalanmak ýaly çäreleri görkezmek bolar. Şunuň ýaly ýönekeý ädimler tebigy baýlyklary goramaga, howa taşlanýan kömürturşy gazyny azaltmaga hem-de jemagat hojalygy hyzmatlary üçin harajatlary peseltmäge kömek eder.
Ýurdumyzda hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge we tebigatymyzyň baýlyklaryny geljekki nesiller üçin gorap saklamaga uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlap, hormatly Prezidentimiziň has-da rowaçlandyrýan işleriniň mysalynda bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýaş nesilleriň ekologiýa bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak üçin ähli derejedäki bilim edaralarynyň maksatnamalarynda degişli okuw sapaklary girizildi. Ekologik terbiýäniň gözbaşy bolan tebigata söýgi halkymyzda ähli döwürlerde uly üns berlen mesele bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz bu barada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Häzirki zamanyň ekologiýa ylmyny baýlaşdyrýan çeşmeler halk paýhasynda hem ykrar edilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky hekaýatlardyr rowaýatlar durmuşyň inçelik bilen akyl ýetirilen göwherleridir. Şonuň üçin milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýip belläp geçýär.
Berkarar Watanymyzda ekologiýa abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy, kesgitli senelerde welosipedli ýörişleriň guralmagy ýaly çäreler hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini dowam etdirmek bilen bir hatarda möhüm meselä ünsi çekmekde, ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmakda diýseň ähmiýetlidir. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, dünýä tejribesini ornaşdyrmaga hem uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde durmuş we önümçilik maksatly desgalar halkara ekologik standartlaryna laýyk derejede gurlup, olarda energiýa tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylýar. Türkmen telekeçileri hem önümçilik we hyzmatlar ulgamynda «ýaşyl» ugry ösdürmäge ýykgyn edýär. Bularyň ählisi tebigat bilen sazlaşykda ýaşan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki zaman dünýäsiniň derwaýys wezipeleri bilen utgaşdyrylyp, şu günki we geljekki nesilleriň abadançylygy hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Muhammetnur ÝAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Hytaý we Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýoly bilen barýar – Ýuý Szýanlun
Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar diýip, Hytaýyň halkara söwdanyň ösmegine ýardam etmek boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary we Hytaýyň Halkara Söwda Palatasynyň başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlunyň 18-nji martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) halkara forumynda eden çykyşynda belledi.
Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy.
ÝB — Merkezi Aziýa forumynda ulag, nebitgaz we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 19-njy maýda Almatyda geçirilen ikinji ÝB — Merkezi Aziýa ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek meseleleri maslahatlaşyldy
21-nji maýda, ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan 2024-nji ýylda ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýumlary özleşdirdi
Türkmenistan 2024-nji ýylda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça meýilnamasyny 110 % ýerine ýetirip, ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýumlaryny özleşdirdi. Bu barada 18-nji martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) halkara forumynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew aýtdy.