Türkmenistanyň Baştutany GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtdy

11:01 07.06.2021 9355

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2327/original-160b727d3025a2.jpeg

Dünýädäki üýtgäp durýan ýagdaýlar GDA-dan öz wagtynda we deň derejede laýyk jogaby, özara hereketlere täze ugurlary girizmegi talap edýär diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşliginde GDA-nyň çäklerinde Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi barada berlen sowala beren jogabynda aýtdy.

«Hut ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň GDA-nyň netijeliliginiň we üstünliginiň öňbaşçysy bolmalydygyna, biziň ýurtlarymyza öz kuwwatyny doly açmak, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly derejede goşulyşmak mümkinçiligini üpjün etmelidigine ynanýaryn» - diýip Prezident belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2019-njy ýylda — GDA başlyklyk edýän döwründe birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Hususan-da, biz GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany işläp taýýarlamagy teklip etdik. Şol resminama 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Bu resminamanyň ýörelgeleri GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň esasynda goýuldy» - diýip döwlet Baştutany nygtady.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň GDA-nyň hem-de onuň bilen dünýäniň serhetdeş sebitleriniň döwletleriniň ykdysady taýdan özara baglanyşygynyň durnukly ulgamyny döretmäge işjeň gatnaşmaklarynyň, üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň aýgytlaýjy şerti hasaplaýarys.

Şunda gürrüň energetika düzümlerini, senagat zolaklaryny, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýurtlarymyzy birleşdirýän ulag-üstaşyr ugurlaryny öz içine alýan täze «ykdysady geçelgeleri» döretmek barada barýar.

GDA-nyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegine ýokary derejede bähbitli we geljegi uly ugur hökmünde baha berýäris.

Halkara gün tertibi bilen baglylykda, GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň geljekde gowy mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris. Olar ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna hem-de kiberjenaýatçylygy hem öz içine alýan guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm wezipelerdir.

Medeni-ynsanperwer ulgam GDA-nyň döwletleri we halklary üçin ygtybarly birleşdiriji binýat bolmagynda galýar – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Emele gelen ýagdaýlarda koronawirus pandemiýasyna garşy çäreleri geçirmek GDA üçin ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

«Görşüňiz ýaly, Türkmenistan GDA-nyň işleriniň dürli ugurlarynda özüni işjeň hem-de döredijilikli hyzmatdaş hökmünde görkezýär. Şeýle hem şulary bellemegi möhüm hasaplaýaryn. Elbetde, GDA, ozaly bilen, döwletara birleşikdir. Emma men Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň köptaraplaýyn aragatnaşyklary has baýlaşdyrýandygyna, oňa goşmaça aýdyňlyk we ýokary depgin berýändigine ynanýaryn» diýip Prezident belledi.

Biz Arkalaşygyň düýpli ýörelgeleriniň üýtgewsiz galmagyna ýokary baha berýäris. Şol ýörelgeler hoşniýetlilikdir, hormat goýmakdyr, deňhukuklylykdyr – diýip türkmen Lideri belledi.

Başga makalalar
164e09e155e53f.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar

Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.


161b99cf32f319.jpeg
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161b99c99a4f0e.jpeg
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.


16864f036552e3.jpg
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.


1686297c52240a.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.