2020-nji ýylda nebite bolan islegiň çaklamasy günde 100 müň barrele çenli — günde 90,7 mln b/g ýokarlandyryldy, bu bolsa 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende günde 8,9 mln b/g aşaklamany aňladýar, diýip Interfaks habar berýär. Şol bir wagtda 2021-nji ýylda suwuk uglewodorodlaryň sarp edilişi 7 mln b/g artyp — 97,7 mln b/g bolar. Muňa garamazdan, bu görkezijiler COVID-19 pandemiýasyndan öňki döwürdäkiden aşakda bolmagynda galýar, diýip gurama habar berýär.
Deslapky maglumatlaryň görkezmegine görä, maý aýynda YHÖG ýurtlarynyň umumy harytlyk nebit ätiýaçlyklary bassyr üçünji aý ýokarlandy — aprel aýy bilen deňeşdirilende, 29,9 mln barrel artyp, 3,167 mlrd barrele ýetdi, diýip OPEC ýazýar. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 233,2 mln barrel, ortaça bäş ýyllyk görkezijiden 209,5 mln barrel ýokarydyr. Şol bir wagtda, geçen aýa görä, nebit ätiýaçlyklary 9,7 mln barrel, nebit önümleri – 20,2 mln barrel ýokarlandy.
Iýun aýy üçin deslapky maglumatlara laýyklykda, ABŞ-nyň jemi harytlyk nebit ätiýaçlyklary aý boýunça 31,7 mln barrel ýokarlanyp, 1,462 mlrd barrele deň bolupdyr. Bu görkeziji bir ýyl mundan öňküsi bilen deňeşdirilende 158 mln barrel, soňky bäş ýyl boýunça deňeşdirilende orta derejeden 173 mln barrel artykdyr. ABŞ-nyň nebit we nebit önümleriniň ätiýaçlyklary degişlilikde 6,8 mln barrel we 24,9 mln barrel ýokarlandy.