Italiýanyň işewürleri Türkmenistanyň senagat taslamalaryna maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler

18:04 09.07.2021 19736

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2541/original-160e7f3ae2cda9.jpeg

7-nji iýulda göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» ýurt tanyşdyryş maslahaty geçirildi.

Tanyşdyryş maslahatynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we italýan wekiliýetine - Italýan Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdiler.

Tanyşdyryşa italýan tarapyndan Italýan söwda agentliginiň Baş direktory, Italýan senagatynyň ählumumy konfederasiýasynyň halkara işleri boýunça Wise-prezidenti we Italiýanyň «SACE» döwlet eksport-karz agentliginiň Prezidenti gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşyga Italiýanyň 120-ä golaý iri kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministry M.Serdarow milli maýa goýum syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny we olaryň uzak möhletletleýin işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin artykmaçlyklaryny beýan etdi.

Ol dürli ýyllarda Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň özara haryt dolanyşygynyň 3 mlrd dollara ýetendigini, galyberse-de, türkmen önümleriniň eksportynyň bu görkezijiniň 90%-ini eýeländigini belledi. Soňky ýyllarda bu görkezijiler aşaklady, ony işjeňleşdirmek üçin hem şu duşuşyk guraldy.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de «TAPI Pipline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda özara hereketleriň täze görnüşleriniň gözlenilmegi, şol sanda ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Şunlukda, çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, maýa goýumlar, sanly tehnologiýalar, agrosenagat toplumy, ýeňil senagaty, ulag we logistika, saglygy goraýyş, maliýe-bank ulgamlary we beýlekiler özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.

Italýan işewürleri özleriniň birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak we özara peýda ýörelgelerinde alnyp barylýan köptaraplaryn hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şeýle-de tanyşdyryş çäresiniň barşynda taraplar «SACE» döwlet eksport-karz agentligi tarapyndan Türkmenistanda işewürlik pudagynyň maliýeleşdirilmegi üçin teklip edilip bilinjek maliýe, ykdysady we tehniki gurallar dogrusynda hem jikme-jik pikir alyşdylar. 

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurtda öz ösüşinde ýerli çig mal çeşmelerine, kämil tehnologiýalara esaslanmak arkaly, Türkmenistanyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň has hem giňeldilmegine itergi berýän, iri eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutmagyny maksat edilip kemala getirilýän ulgamyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. 

Başga makalalar
164e09e155e53f.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar

Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.


161b99cf32f319.jpeg
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161b99c99a4f0e.jpeg
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.


16864f036552e3.jpg
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.


1686297c52240a.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.