6-njy awgustda «Awazada» Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler
18:23 20.07.2021 21741
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Ýokary derejedäki sammitiň dowamynda sebit möçberli birnäçe iri çäreler geçiriler.
Şolaryň hatarynda Ykdysady forum, sebitiň döwletleriň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň hem-de milli tagamlarynyň sergisi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Çärelere görülýän taýýarlyk işleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji iýulda geçiren Hökümet mejlisinde maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow halkara forumlaryň çäklerinde guraljak ikitaraplaýyn duşuşyklara, sergilere, maslahatlara görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumatlary berdi. Şol bir wagtda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer S.Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilen ykdysady forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli edaralar bilen bilelikde zerur bolan taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, bu ugurda ähli tagallalaryň edilýändigini belledi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa 6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Bu çäräniň esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ylmy ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek bilen bagly meselelere garamakdan ybaratdyr.
Halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen Guramaçylyk toparyny döredildi. Topara wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçy bellenildi.
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazçykaryş” tresti 2025-nji ýylyň başyndan bäri 1,2 mln tonnadan gowrak nebit çykardy
2025-nji ýylyň başyndan bäri “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” tresti tarapyndan 1 million 278 müň 817 tonna “gara altyn” çykaryldy. Bu görkezijide “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawçylarynyň zähmeti möhüm orun eýeleýär. Olar ýylyň başyndan bäri jemi 57 müň 246 metr önümçilik, şeýle-de 16 müň 51 metr gözleg guýularyny burawladylar.
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2025-nji ýylda suwuk uglewodorodlaryň dünýä önümçiliginiň ösüşiniň çaklamasyny ýokarlandyrdy
2025-nji ýylda dünýäde suwuk uglewodorodlaryň önümçiligi günlük 1,55 million barrele çenli artyp, 104,35 million barrele (b/s) ýeter. Bu görkeziji ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetiki maglumatlar müdirliginiň (EIA) öňki hasabatyndaky çaklamadan 170 müň barrel köpdür diýip, Interfaks habar berýär.
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.