Türkmenistanda СOVID-19 keseliniň ýüze çykan ýagdaýyny tassyklaýan bir mysal hem bellige alynmady — BSGG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy

21:18 17.07.2020 8484

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/287/original-15f102649b6ae7.jpeg

Türkmenistanda СOVID-19 keseliniň ýüze çykan ýagdaýyny tassyklaýan bir mysal hem bellige alynmady. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahat beriş-tehniki toparynyň Türkmenistana gelen baştutany, BSGG-niň adatdan daşary ýagdaýlar meseleleri boýunça Ýewropa sebit edarasynyň baş hünärmeni hanym Ketrin Smollwud Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça geçirilen brifingde belledi.

Brifingiň birinji tapgyry Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, beýleki döwlet düzümleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Saparyň çäklerinde, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri 6-njy iýuldan başlap, Lebap we Balkan welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň dürli lukmançylyk edaralarynda, barlaghanalarynda, şeýle hem Özbegistan we Owganystan bilen serhetleşýän çäklerde, Türkmenistanyň deňiz derwezesi hasaplanylýan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda boldular. Olar arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, barlaghana-anyklaýyş, hassalaryň kliniki barlagy, öňüni alyş we gözegçilik çäreleri bilen tanyşdylar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri ýurdumyzda bolýan on günlük saparynyň jemleri boýunça teklipleri taýýarladylar. Şolary türkmen tarapy milli saglygy goraýyş ulgamynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmekde nazara alar. Bu işleriň baş maksady ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak üçin durmuşa geçirilýän çäreleri mundan beýläk-de kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bellenilişi ýaly, dünýäde täze koronawirus ýokanjynyň dörändigi hakynda maglumatlaryň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, wehime gyssagly garşy durmak we ýurdumyzyň çäklerini bu keseliň getirilmeginden we ýaýramagyndan goramak boýunça netijeli öňüni alyş çärelerine girişildi.

R.Meredow ähli ylmy barlaglaryň, şol sanda dürli görnüşdäki ýokanç keselleriniň ýaýramagyna we döremegine täsir edýän dürli tebigy sebäpleriň  nazara alynmagynyň wajyplygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aral meselesine we Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurda alyp barýan işleri  nygtaldy. Türkmenistanyň geografiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen, adam ömri üçin howply bolup durýan, Aral deňziniň guran düýbünden zyýanly maddalary  uly giňişliklere ýaýradýan, tozanly-duzly ýeller barada aýdylyp geçildi. Bu ýerde howanyň hapalanmagynyň derejesi hem-de keselleriň aýratyn görnüşleri bilen kesellemegiň arasyndaky arabaglanyşygy öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň ähmiýeti dogrusynda bellenildi. Şeýlelikde, Ministr howanyň we howa-damjalaryň üsti bilen ýaýraýan kesel dörediji mikroorganizmleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite awiasion tehnikalaryň kömegi arkaly howany zyýansyzlandyrma işleriniň başlanandygyny nygtap geçdi.

Serhet çäklerinde ekzogen ýagdaýlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, adamlaryň saglygyna bolşy ýaly, daşky gurşaw üçin ýaramaz täsiri bolmadyk zyýansyzlandyryş serişdelerini howpsuz ulanmak boýunça taraplar bilen üpjün edilen uçarlar arkaly degişli işler alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde halkara bileleşiginiň işini utgaşdyrmakda, ählumumy howpa garşy utgaşykly, özara ylalaşykly işleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Türkmenistandaky düzümi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, şeýle hem ähli milli hyzmatdaşlar bilen wekiliýetiň bilermenleri tarapyndan taýýarlanan teklipleri ýerine ýetirmek hem-de ilatyň arasynda üstünlikli amala aşyrylýan meýilnamalaryň çäklerinde zerur çäreleri geçirmek boýunça ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny ynandyrdy.

Başga makalalar
162ecc1da1b268.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» atly Halkara forum geçiriler

6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022» atly Halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Forum gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar.


162f10dbbd1aaf.jpeg
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.


167adbafc1a169.jpg
“Uzynada” känindäki nobatdaky guýudan uglewodorodlaryň senagat akymy alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizdiler. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.


162f0a433a01ce.jpeg
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


162eb79675102c.jpeg
OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler

OPEC+ ministrleri sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler diýip, çarşenbe güni Interfaks wekiliýetleriň birindäki çeşmesine salgylanyp habar berdi.