Türkmenistan Owganystanda durmuş desgalaryny gurýar, yzygiderli ynsanperwer kömekleri iberýär - DIM

10:10 15.09.2021 13816

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2915/original-161404a5f6eac8.jpeg

Türkmenistan Owganystanda durmuş maksatly desgalary gurýar, yzygiderli ynsanperwer köneklerini iberýär diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bu barada türkmen tarapy Ženewada gibrid görnüşde geçirilen Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahatda belledi. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy.

«Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgamlaýyn esasda ynsanperwerlik hemaýatyny berýär. Hususan-da, goňşy ýurtda durmuş maksatly taslamalary - mekdepleri, hassahanalary we metjitleri durmuşa geçirmek gurmak arkaly, Türkmenistan şeýle-de derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary görnüşinde Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini ýollaýar» - diýlip DIM-niň habarynda aýdylýar.

Ýatlatsak, 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer kömegi iberildi. Bu goňşy ýurtda ýakynda bolup geçen wakalardan soň türkmen tarapyndan iberilen ilkinji ynsanperwer kömek boldy. Dostlukly döwletiň zerurlyklary üçin derman serişdeleri, lukmançylyk işgärleri üçin gorag egin-eşikleri we lukmançylyk esbaplary, zyýansyzlandyryjy serişdeler, derman erginleri, gorag agyz-burun örtükleri, hirurgiki ellikler, koronawirus ýokanjyny bejermek üçin serişdeler we enjamlar iberildi.

Türkmenistan şeýle hem energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek bilen goňşy döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine möhüm goşant goşýar.

Türkmenistan şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylyk ýollar bilen kadalaşdyrmak boýunça ýakyn halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar.

Başga makalalar
16503fe4c18d7c.jpg
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16503fe9eeb09b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.